Türkmen zyýaratçylarynyň 275 sanysy döwlet tarapyndan Mekgä ugradylar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen zyýaratçylarynyň 275 sanysy döwlet tarapyndan Mekgä ugradylar
“Türkmenhowaýollary” agentligine zyýaratçylary Saud Arabystany Patyşalygyna eltmek we yzyna getirmek üçin agentligiň öz serişdeleriniň hasabyna ýörite gatnawy guramak tabşyryldy.

Haj parzyny berjaý etmek üçin şu ýylyň 2-22-nji iýuly aralygynda türkmen zyýaratçylarynyň 275 sanysy Saud Arabystany Patyşalygyna gider.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar berşi ýaly, bu baradaky Buýruga Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow penşenbe güni gol çekdi.

Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň “Türkmenhowaýollary” agentligine zyýaratçylary Saud Arabystany Patyşalygyna eltmek we yzyna getirmek üçin agentligiň öz serişdeleriniň hasabyna ýörite gatnawy guramak tabşyryldy.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň iýun aýynyň başynda umra hajy däp-dessurlaryny berjaý etdi. Döwlet Baştutanymyz bilen bir uçarda, keramatly topraga zyýarat etmek üçin ýurdumyzyň ähli welaýatlaryna we Aşgabat şäherine wekilçilik edýän hormatly ýaşulular we eneler hem gitdiler.

2022