Türkmenistan BMG-da Durnukly ulag boýunça Dostlar toparyny döretdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan BMG-da Durnukly ulag boýunça Dostlar toparyny döretdi
Russiýanyň Sankt-Peterburg şäherindäki ýük terminal (Surat: "Reuters")

Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň (BMG) ýanyndaky hemişelik wekilhanasy BMG-a agza döwletleriň 90-dan gowrak wekilleriniň gatnaşmagynda çarşenbe güni wirtual platforma arkaly Durnukly ulag boýunça Dostlar toparyny döretmegiň amallaryny geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berdi.

Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili Aksoltan Ataýewa maslahaty açyp, ýurdumyzyň birnäçe ýyl mundan ozal ulag tematikasy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynyň aýratyn rezolýusiýasynyň kabul edilişini girizmek ugrundaky teklibini ýatladyp geçdi. Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň başlangyjy we BMG-niň agza döwletleriniň goldawy bilen, BMG-niň döredilen ilkinji pursadyndan başlap, global ulag geçelgeleriniň maslahat beriş ulgamynyň işjeňleşmegi we birnäçe umumy çemeleşmeleriň tassyklanylmagy esasynda ulag meseleleri boýunça 4 sany rezolýusiýa kabul edildi.

Dabaranyň dowamynda Dostlar toparyna goşulan 11 döwletiň wekilleri häzirki wagtda bar bolan ulag meselelerini we olary çözmegiň ýollary barada özara pikir alyşmak üçin şeýle mümkinçiligiň ähmiýetini we öz wagtynda döredilendigini bellediler.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň wekilleri ýurduň ulag ulgamynyň ösdürilmegi bilen baglanyşykly görülýän çäreler hem-de Türkmenistanyň ulag ulgamyndaky gazanan üstünlikleri bilen tanyşdyrdylar.

Duşuşygyň netijeleri boýunça Durnukly ulag ulgamynda Dostlar toparynyň döredilmegi bilen baglanyşykly habary özünde jemleýän BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň hem-de BMG-niň Baş Assambleýasynyň 76-njy mejlisiniň başlygy Abdulla Şahidiň adyna hat ýollanyldy.

2022
ENG TM РУС