Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň çäginde ýüň arassalap, gaýtadan işleýän “Ata melhem” hususy kärhanasy öz ýüň önümlerini Russiýa, Hindistana we Belarus Respublikalaryna eksport edýär. Bu barada Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň metbugat gullugy sişenbe güni habar berdi.
Türkiýäniň öňdebaryjy tehnikalary bilen üpjün edilen kärhanada gury garda geýilýän keçe ädikleriň we gyşky egin-eşikleriň önümçiligi üçin keçe basmakda ulanylýan saryja hem-de garaköli goýunlaryň ýüňi gaýtadan işlenilýär we gaplanylýar. Bu ýerde ýüňden egrilen ýüplük hem öndürilýär.
Kompaniýa ýylda 200 tonna ýüňi gaýtadan işlemäge ýöriteleşdirilendir. Ýüňi gaýtadan işleýän kärhanada gerek bolan çig mal maldarçylyk bilen meşgullanýan ýerli telekeçilerden alynýar.
2019-njy ýylda önümçilige başlan “Ata melhem” hususy kärhanasynda 30-a golaý hünärmen zähmet çekýär.