Türkmenistanyň Prezidenti TDG-niň Baş sekretaryny kabul etdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Prezidenti TDG-niň Baş sekretaryny kabul etdi
Söhbetdeşligiň barşynda şu ýylyň noýabr aýynda geçiriljek TDG-nyň nobatdaky sammitine taýýarlyk görmek meselelerine garaldy.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow duşenbe güni Türki Döwletleriň Guramasynyň (TDG) Baş sekretary Bagdad Amreýewi kabul etdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Duşuşygyň dowamynda energetika, ulag-kommunikasiýa hem-de infrastruktura ulgamlary ýaly strategik ugurlarda tagallalary birleşdirmegiň, bilelikdäki taslamalary amala aşyrmagyň möhüm bolup durýandygy bellenildi.

TDG-nyň metbugat beýanatynda habar berlişi ýaly, guramanyň Baş sekretary agza ýurtlaryň arasynda möhüm ugurlarda netijeli köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň berk hukuk esaslarynyň ösdürilmegine ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, Amreýew Halkara birleşdirilen ýük daşamalary baradaky şertnamanyň, Ýönekeýleşdirilen gümrük geçelgeleri baradaky şertnamanyň, Hyzmatlar we maýa goýumlary boýunça erkin söwda şertnamasynyň hem-de Türki maýa goýum gaznasyny döretmek baradaky şertnamanyň üstünde işlemegiň zerurlygyny nygtady.

Söhbetdeşligiň barşynda şu ýylyň noýabr aýynda geçiriljek TDG-nyň nobatdaky sammitine taýýarlyk görmek meselelerine hem garaldy.

Türki döwletleriň guramasy (TDG) ozalky Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşi (Türki geňeş) ady bilen 2009-njy ýylyň 3-nji oktýabrynda Nahçywan Şertnamasy esasynda Azerbaýjan, Gazagystan, Gyrgyzystan we Türkiýe döwletleri tarapyndan esaslandyryldy. 2018-nji ýylda Özbegistan bu guramanyň doly agzasy bolup, Wengriýa synçy döwlet hökmünde goşuldy.

Türkmenistan geçen ýylyň noýabr aýynda Türki döwletleriň guramasyna synçy döwlet hökmünde goşuldy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022