Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) duşenbe güni geçirilen söwdalarynda dizel ýangyjynyň dürli görnüşlerini satmak boýunça geleşik baglaşyldy. Bu geleşikleriň umumy bahasy 16,9 million ABŞ dollaryna barabar boldy.
Gangonkyň we Owganystanyň kärhanalary umymy bahasy 7,3 million ABŞ dollaryna deň bolan gidro usulda arassalanan dizel ýangyjynyň 7,4 müň tonnasyny satyn aldylar. Harydyň bahasy ozal geçirilen söwdalar bilen deňeşdirilende 11% pese düşdi hem-de bir tonnasynyň bahasy 997,25 ABŞ dollaryna deň bolady. Bu barada TDHÇMB sişenbe güni mälim etdi.
Şeýle hem, Türkiýäniň we Owganystanyň işewürleri L-0,2-62 dizel ýangyjynyň 10 müň tonnasyny satyn aldylar. Geleşikleriň umumy bahasy 9,5 million ABŞ dollaryna deň boldy. Nebit önüminiň bahasy ozal baglaşylan gelişikler bilen deňeşdirilende 16,7% peselip, onuň bir tonnasynyň bahasy 953,25 ABŞ dollaryna barabar boldy.
Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçen hepdede daşary ýurt puluna geçirilen söwdalaryň möçberi 54 million 539 müň 350 ABŞ dollaryna barabar boldy.
1994-nji ýylda döredilen TDHÇMB Türkmenistanda eksport-import amallaryny kadalaşdyrýan esasy edaradyr.