Türkmenistanyň Döwlet Maslahaty geçirildi

BIZNES TURKMENISTAN
Türkmenistanyň Döwlet Maslahaty geçirildi
Türkmenistanyň Prezidenti öz çykyşynyň dowamynda, ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynda gazanan üstünliklerine giňişleýin syn berip, täze taryhy döwürde ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça öňde durýan anyk wezipeleri kesgitledi.

Aşgabat şäheriniň Ruhyýet köşgünde anna güni Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Türkmenistanyň Döwlet Maslahaty geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi. 

Maslahatyň dowamynda ýurdumyzyň Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanan üstünliklerine syn berildi we ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürilmeginiň esasy ugurlaryna seredildi.

Maslahata ýurdumyzyň Hökümetiniň we Milli Geňeşiň agzalary, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, welaýatlaryň, etraplaryň, şäherleriň häkimleri, halk maslahatlarynyň agzalary, edara-kärhanalaryň işgärleri, il sylagly ýaşulular we ýaşlar gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Prezidenti öz çykyşynyň dowamynda, ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynda gazanan üstünliklerine giňişleýin syn berip, täze taryhy döwürde ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça öňde durýan anyk wezipeleri kesgitledi. Hususan-da, ilatyň durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmek, Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak, daşary syýasatda dünýä döwletleridir halkara guramalar bilen ýola goýlan gatnaşyklary işjeňleşdirmek, ösüşiň senagat-innowasion ýoluny dowam etdirmek, çeýe salgyt we işjeň söwda syýasatyny alyp barmak, oba hojalygyny, dokma pudagyny döwrebaplaşdyrmak, "ýaşyl" ykdysadyýete, sanly ulgama geçmek işini höweslendirmek, hususy önüm öndürijileri goldamak, elektroenergetika, gurluşyk pudaklarynda möhüm taslamalary amala aşyrmak, döwrebap üstaşyr ulag geçelgelerini döretmek ýaly ileri tutulýan ugurlar çykyşyň esasyny düzdi.

Maslahatyň dowamynda Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow käbir resminamalara gol çekdi.

Hususanda, Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly senesi mynasybetli, iş kesilenleriň günäsini geçmek hakynda Permana gol çekip, günäsi geçilen adamlary ýakyn wagtda öýlerine, maşgala agzalarynyň arasyna barar ýaly zerur işleri geçirmek, olary iş bilen üpjün etmek barada tabşyryklary berdi.

Şeýle-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň zähmetde has tapawutlanan watandaşlarymyzy döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda degişli Permanlara gol çekdi. Arakesmeden soňra, hormatly Prezidentimiz döwlet sylaglaryna mynasyp bolan ildeşlerimiziň birnäçesine sylaglaryny gowşurdy.

Ýurdumyzyň sebitleriniň wekilleri Ahal welaýatynda "Türkmeniň ak öýi" binasynda, Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynyň Ruhyýet köşklerinde maslahata sanly ulgam arkaly gatnaşdylar.

2022