Türkmen kompaniýalary hlorellanyň önümçiligini ýola goýdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen kompaniýalary hlorellanyň önümçiligini ýola goýdy
Hlorella ekerançylykda, howuzlary arassalamakda, kosmetologiýada, zawod fabrikleriň atmosfera zyňyndylaryny azaltmakda ulanylýar.

“Pajarla” we “Çemenli ýaýla” hususy kärhanalary bilelikde Türkmenistanda ilkinji bolup, hlorellanyň önümçiligini ýola goýdy.

Hlorella biröýjükli suwoty bolup, ol ekerançylykda, howuzlary arassalamakda, kosmetologiýada, zawod fabrikleriň atmosfera zyňyndylaryny azaltmakda, gaýtadan işlemekde we ýygnap saklamakda giňden ulanylýar. Bu barada “Pajarla” kompaniýasynyň direktory Şamyrat Hydyrowyň “Rysgal” gazetinde duşenbe güni çap edilen makalasynda bellenilýär.

Hlorella maldarçylykda gara we ownuk şahly mallary, guşlaryň ähli görnüşlerini (towuk, düýeguş, käkilik, öý guşlary), şeýle hem balarylary, ýüpek gurçuklary, balyklary, atlary, itleri iýmitlendirmek, olaryň immunitetine täsir etmek bilen, oňyn netijeleri gazanmak üçin, ýagny guşlaryň, gara mallaryň önümliligini ýokarlandyrmakda hem ulanylýar.

“Hlorellanyň synag önümçiligini «Pajarla» we «Çemenli ýaýla» hususy kärhanalarymyzyň amala aşyrmagy, häzirki wagtda tehniki şertleri, degişli resminamalar bilen üpjün edilmegi bizi guwandyrýar” diýip, Şamyrat Hydyrow aýdýar.

Hlorella suwoty 1890-njy ýylda mikrobiolog alym Martin Beýerink tarapyndan açyldy. Häzirki döwürde hem hlorellanyň öwrenilmegi alymlar tarapyndan dowam etdirilýär.

2022