Türkmenistanyň Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynda ýerleşýän “Tebigy Ekin” daýhan hojalygy şu ýyl 260 gektar ýerden 2 müň 135 tonna ýeralma hasylyny aldy.
Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Birleşmesiniň (TSTB) agzasy bolan “Tebigy Ekin” daýhan hojalygy 2019-njy ýylda uzak möhletleýin şertnama boýunça 953 gektar ýeri kärendesine aldy. Bu daýhan hojalygy dürli azyk ekinleri, gök önümleri we miweli baglary ösdürip ýetişdirýär. Bu barada TSTB-nyň metbugat gullugy sişenbe güni habar berdi.
Daýhan hojalygynyň hünärmeni Serdar Nedirowyň aýtmagyna görä, “Tebigy Ekin” ýeralma bilen birlikde 200 gektar ýere käşir, 50 gektar ýere bolsa kelem ekdi. Bu önümlerden şu güne çenli, degişlilikde, 800 we 275 tonna hasyl alyndy.
“Tomus aýlarynda 5 gektar ýere eken gyzyl şugundyrymyz ýetişip gelýär. Ondan 15 tonna önüm almaga garaşýarys. Ýene bir bellemeli zat, şu ýyl 30 gektar ýere sarymsak ekip, ondan 22 tonna hasyl aldyk” diýip, Serdar Nedirow belledi.
Şeýle-de daýhan hojalygynyň 26 gektar ýerinde kädi we gawun-garpyz ekilip, olardan, degişlilikde, 250 we 1000 tonna hasyl alyndy.
“Tebigy Ekin” 25 gektar meýdana ekilen alma, armyt, ülje, erik, şetdaly ýaly miweli ýaş baglardan geljek ýyl hasyl almaga garaşýar.