Türkmenistanyň Prezidenti Hytaýyň Başlygy Si Szinpine gutlag hatyny iberdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaýyň Başlygy Si Szinpine gutlag hatyny iberdi
Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hytaýyň Başlygy Si Szinpine Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Baş sekretary wezipesine gaýtadan saýlanmagy mynasynbetli gutlag hatyny iberdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty ýekşenbe güni habar berdi.

Döwlet Baştutanymyz gutlag hatynda “Türkmenistanyň däbe öwrülen deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak, özara bähbitleri nazara almak ýörelgelerine esaslanýan türkmen-hytaý gatnaşyklaryna uly ähmiýet berýärin. Şunuň bilen baglylykda, ýurtlarymyzda bar bolan ägirt uly kuwwatlyklary doly derejede ulanmak üçin Türkmenistan Hytaý Halk Respublikasy bilen mundan beýläk-de çuň many-mazmunly, anyk we ýokary derejedäki ynanyşykly gatnaşyklary alyp barmagy maksat edinýär” diýip, aýdylýar.

“Siziň ýolbaşçylyk etjek indiki bäş ýylyňyzda Hytaýyň ykdysady kuwwatynyň has-da güýçlendiriljekdigine, hytaý halkynyň öňe gitjekdigine we gülläp ösjekdigine ynanýaryn” diýip, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gutlag hatynda belledi.

Türkmenistanyň Prezidenti Hytaýyň Başlygy Si Szinpine Türkmenistan bilen strategik hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşýan ägirt uly goşandy üçin minnetdarlyk bildirdi we berk jan saglyk, alyp barýan jogapkärli döwlet işinde üstünlik, Hytaýyň zähmetsöýer halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk we gülläp ösüş arzuw etdi.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaýyň Başlygy Si Szinpine we ýurduň ähli halkyna Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň XX ählihytaý gurultaýynyň üstünlikli geçirilmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi.

2022