Türkmenistanyň we Özbegistanyň Prezidentleri türkmen-özbek halklarynyň dostluk festiwalyna gatnaşyjylary gutladylar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň we Özbegistanyň Prezidentleri türkmen-özbek halklarynyň dostluk festiwalyna gatnaşyjylary gutladylar
Aşgabatda “Daşkent” seýilgähiniň açylyş dabarasy, 21-nji oktýabr, 2022

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Daşoguz welaýatynda geçirilýän Türkmen we özbek halklarynyň dostluk festiwalyna gatnaşyjylary gutladylar. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty sişenbe güni habar berdi.

“Türkmen we özbek halklaryny gadym döwürlerden häzirki günlere çenli dowam edip gelýän hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary birleşdirýär. Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasynda ähli ugurlar boýunça ýola goýlan hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösdürilmegi biziň halklarymyzyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň barha rowaçlanmagynda möhüm ähmiýete eýe bolýar” diýlip, Türkmenistanyň Prezidentiniň festiwala gatnaşyjylara iberen gutlag hatynda aýdylýar.

Döwlet Baştutanymyz Aşgabat şäherinde “Daşkent” seýilgähiniň, Daşkent şäherinde “Aşgabat” seýilgähiniň gurulmagy, şeýle-de ýakynda Daşoguz welaýatynyň çäginde ýerleşýän Türkmen-özbek serhetýaka söwda zolagynyň — Söwda merkeziniň düýbüniň tutulmagy iki doganlyk halkyň bähbidine gönükdirilen buýsançly işlerdigini aýtdy.

Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew öz gutlag hatynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa, şeýle hem dostluk festiwalyny guraýjylaryň ählisine festiwalyň Daşoguz şäherinde ýokary derejede geçirilýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallygyny beýan etdi.

“Özbek we türkmen halklarynyň taryhy-medeni gatnaşyklarynyň köpasyrlyk dostluk, doganlyk gatnaşyklarynyň berk binýady bolup hyzmat edýändigi şübhesizdir. Hakykatdan-da, garyndaşlyk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna gönükdirilen bu möhüm forum halklarymyzyň asylly maksatlarynyň umumydygyny ýene-de bir gezek aýdyňlygy bilen görkezýär” diýlip, Özbegistanyň Prezidentiniň gutlag hatynda bellenilýär.

2022