Prezident Serdar Berdimuhamedow “Türkmenistanyň ussat diplomaty” nyşany bilen sylaglandy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Prezident Serdar Berdimuhamedow “Türkmenistanyň ussat diplomaty” nyşany bilen sylaglandy
Prezident Serdar Berdimuhamedow bu sylagy minnetdarlyk bilen kabul edip, ony Bitarap Watanymyzyň gülläp ösmeginiň bähbidine bilelikdäki agzybirlikli işe berlen ýokary baha hökmünde kabul edýändigini aýtdy.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisi anna güni Prezident Serdar Berdimuhamedowy “Türkmenistanyň ussat diplomaty” diýen tapawutlandyryş nyşany bilen sylaglady.

Tapawutlandyryş nyşanyny gowşurylyş dabarasyna Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň ýolbaşçylary, Hökümet agzalarynyň, harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Mejlisiň Başlygy Gülşat Mämmedowa Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň degişli Kararyny okady. Bellenilişi ýaly, Watanymyzyň Garaşsyzlygyny we hemişelik Bitaraplygyny pugtalandyrmak, onuň halkara bileleşikde belent abraýyny berkitmek, parahatçylyk söýüjilikli syýasaty amala aşyrmak, ählumumy halkara maksatnamalary durmuşa geçirmek, daşary ýurt döwletleri we halkara guramalar bilen gatnaşyklary ösdürmek işine goşan uly şahsy goşandyny, ýurdumyzyň diplomatik gullugynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmekde bitiren aýratyn hyzmatlaryny nazara almak bilen, şeýle hem Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Karary bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýokarda agzalan tapawutlandyryş nyşany bilen sylaglanylýar.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bu sylagy minnetdarlyk bilen kabul edip, ony Bitarap Watanymyzyň gülläp ösmeginiň bähbidine bilelikdäki agzybirlikli işe berlen ýokary baha hökmünde kabul edýändigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzy dünýäniň öňdebaryjy döwletleriniň birine öwürmäge, halkara gatnaşyklary işjeňleşdirmäge gönükdirilen işler mundan beýläk-de dowam etdiriler.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredowy “Türkmenistanyň ussat diplomaty” diýen tapawutlandyryş nyşany bilen sylaglady.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022