Türkmen telekeçisi Ahal welaýatynda düýeguş ýetişdirýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen telekeçisi Ahal welaýatynda düýeguş ýetişdirýär
Ak bugdaý etrabynda ýerleşýän ferma 2,5-3 müň düýeguşy idetmäge niýetlenendir.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy telekeçi Maýsa Welmyradowanyň Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda ýerleşýän fermasynda düýeguşlaryň 500-sine ideg edilýär. Bu barada “Rysgal gazeti” duşenbe güni habar berdi.

Ak bugdaý etrabynda ýerleşýän ferma 5 gektar meýdanda ýerleşip, ol 2,5-3 müň düýeguşy idetmäge niýetlenendir. Häzirki wagtda fermanyň hünärmenleri Afrika düýeguşlaryna ideg edýärler.

Habarda bellenilişi ýaly, Afrika düýeguşynyň agramy 100 — 160 kilogram aralygyna, boýy bolsa 3 metre çenli ýetip bilýär.

Afrika düýeguşlary ýokary ýylylyga çydamly bolup, ýurdumyzyň howa şertlerine gowy uýgunlaşýarlar. Şeýle hem olaryň eti tagamly we peýdaly mikroelementlere hem-de beloklara baýdyr.

2022