26.11.2024
27.11.2024

"Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş-2024" halkara maslahaty we sergisi

2024-nji ýylyň 26-27-nji noýabrynda Aşgabat şäherinde “Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş-2024” atly 3-nji halkara maslahaty we sergisi geçiriler. Oňa gatnaşjak wekiliýetleri hasaba almak işi eýýäm açykdyr. Çärä 40 döwletden 600-den gowrak wekiliň, şol sanda halkara we milli kompaniýalaryň, ählumumy guramalaryň we döwlet edaralarynyň wekilleriniň gatnaşmagyna garaşylýar. Isleg bildirýänler çäräniň resmi web-saýtynda (ittc-turkmenistan.com) hasaba alynmaga çagyrylýar. Bu abraýly çäre Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi tarapyndan “Belli” hojalyk jemgyýeti bilen hyzmatdaşlykda guralýar.

2018-nji ýylyň dekabrynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň durnukly ulag ulgamy boýunça möhüm Kararnamany kabul etmegi sebitde ekologiýa taýdan arassa we netijeli ulag ulgamlaryny ösdürmekde möhüm ädim boldy. Bu Kararnama durnukly ulag çözgütlerini durmuşa geçirmekde, parnik gazlaryň zyňyndylaryny azaltmakda, ulag düzümlerini döwrebaplaşdyrmakda we giňeltmekde hem-de ulag hyzmatlaryna hemmeleriň elýeterliligini üpjün etmekde ýurtlaryň arasynda hyzmatdaşlygy berkitmäge şert döretdi.

“ITTC-2024” Bütindünýä durnukly ulag gününiň çäklerinde geçiriler. Türkmenistanda hem bellenilýän bu sene ýurduň durnukly ösüş ýörelgelerine ygrarlydygyny we onuň ulag ulgamlarynyň ekologiýa we ykdysady taýdan netijeliligini ýokarlandyrmakda ählumumy tagallalara işjeň gatnaşýandygyny tassyklaýar.

Maslahat Gündogar-Günbatar we Demirgazyk-Günorta ulag geçelgelerinde möhüm baglanyşdyryjy merkez hökmünde Türkmenistanyň eýeleýän ornuna aýratyn üns bermek bilen, halkara ulag-üstaşyr geçelegleriniň ösdürilmegi bilen baglanyşykly wajyp meseleleriň giň toplumyny öz içine alar. Esasy mejlisler ulag pudagynda zenanlaryň eýeleýän ornunyň artmagy, ulag düzümine durnukly tejribeleriň ornaşdyrylmagy, sanly ulgamyň logistika täsiri hem-de bilim, ulag toplumy üçin işgärleriň taýýarlanylmagy ýaly möhüm meselelere bagyşlanar. Deňze çykalgasy bolmadyk Merkezi Aziýa ýurtlaryny goldamak, olaryň dünýä bazarlaryna çykmagyny giňeltmek we ýükleriň iberilişindäki ählumumy zynjyra goşandyny ösdürmek strategiýalaryna bagyşlanan goşmaça maslahatlaşmalar guralar.

Maslahatyň maksatnamasy halkara ulag geçelgelerine, multimodal ulag ugurlaryna, bu ugurdaky gurluşyklarda döwlet-hususy hyzmatdaşlygyna, innowasion tehnologiýalara we logistikanyň sanly ösüşine bagyşlanan birnäçe mejlisleri özünde jemleýär. Gatnaşyjylar hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga hem-de iri gurluşyk taslamalaryny durmuşa geçirmekde tejribe alyşmaga mümkinçilik alarlar.

Türkmenistan halkara üstaşyr geçelgelerine möhüm gatnaşyjy hökmünde eýeleýän ornuny berkitmek bilen ulag-üstaşyr ulgamynda uly üstünlikler gazandy. Merkezi Aziýa bilen Pars aýlagynyň arasynda üstaşyr geçmäge sarp edilýän wagty ep-esli azaldan Gazagystan-Türkmenistan-Eýran ýaly täze demir ýol ugurlarynyň döredilmegi hem-de Aşgabat-Türkmenabat demir ýolunyň düýpli döwrebaplaşdyrylmagy soňky gazanylan sepgitleriň hataryndadyr. Aşgabat-Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýoly we Hazar deňzine has ýakyn çykalgany üpjün edýän Aşgabat-Türkmenbaşy awtomobil ýoly bilen ýurduň gara ýol düzümi hem düýpli gowulandy.

2018-nji ýylda ulanmaga berlen Türkmenbaşy Halkara deňiz porty Hazar deňzinde söwda gatnaşyklarynyň möhüm merkezi boldy, goňşy ýurtlar bilen gämili daşamalaryň giňeldilmegi bolsa sebitiň haryt dolanyşygyny berkitdi. Howa ulagy pudagynda Aşgabat Halkara howa menziliniň döwrebaplaşdyrylmagy we içerki howa gatnawlarynyň ösdürilmegi Türkmenistanyň sebitleriniň arasyndaky aragatnaşygy ýokarlandyrmak bilen, onuň Merkezi Aziýada möhüm ulag merkezi hökmündäki ornuny berkitdi hem-de sebitiň ykdysady arabaglanyşygyna ýardam etdi.

Türkmenistanyň sebit hyzmatdaşlygyna ygrarlydygyny, onuň Russiýany, Eýrany we Hindistany özara baglanyşdyrýan Demirgazyk-Günorta ulag geçelgesi taslamasyna gatnaşmagy hem görkezýär. Bu halkara geçelge Ýewropa bilen Günorta Aziýanyň arasynda söwda gatnaşyklaryny netijeli amala aşyrmaga mümkinçilik berýär. Türkmenistan ykdysady hyzmatdaşlyga ýardam etmek bilen Hazar deňzi arkaly Merkezi Aziýa ýurtlaryny Azerbaýjan, Türkiýe we Ýewropa bilen baglanyşdyrýan Hazarüsti halkara ulag geçelgesi (TMTM) taslamasynda hem işjeň orun eýeleýär.

Mundan başga-da, Türkmenistan Aziýany, Ýewropany we Afrikany özara baglanyşdyrýan ulag-logistika ugurlarynyň toruny döretmäge gönükdirilen “Bir guşak, bir ýol” başlangyjynyň çäklerinde Hytaý bilen hyzmatdaşlyk alyp barýar. Bu gatnaşyklaryň çäklerinde Türkmenistan sebitde söwda gatnaşyklaryny goldamak maksady bilen täze ulag geçelgelerini ösdürýär we bar bolan düzümleri düýpli döwrebaplaşdyrýar.

Ашхабад, Туркменистан
Bulary hem okaň
Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022