Türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň ilerledilmegi ugrunda resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherine eden resmi saparynyň çäginde köptaraplaýyn özbek-türkmen gatnaşyklarynyň ähli ugurlaryny öz içine alýan jemi 23 sany resminama gol çekildi.

Özbegistanyň Prezidentiniň metbugat gullugynyň habaryna görä, hormatly Prezidentimiz sişenbe güni Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen Daşkendäki “Kuksaroý” döwlet kabulhanasynda duşuşdy.

Duşuşygyň dowamynda iki döwletiň ýolbaşçylary özbek-türkmen köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ähli ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar we işjeň syýasy gepleşikleri güýçlendirmäge, söwda, ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşlygyny giňeltmäge, medeni hem-de ynsanperwer gatnaşyklary çuňlaşdyrmaga aýratyn üns berdiler.

Gepleşikler tamamlanandan soňra Özbegistanyň we Türkmenistanyň  Prezidentleri özbek-türkmen strategiki hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin geljegi uly ugurlary kesgitleýän ýokary derejeli duşuşygyň esasy netijelerini görkezýän Bilelikdäki Beýannama kabul etdiler.

Döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda iki ýurduň ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň we sebitleriniň ýolbaşçylary resminamalara gol çekdiler. Resminamalara goňşy sebitlerde Söwda merkeziniň döredilmegini göz öňünde tutýan özbek-türkmen serhetýaka söwda zolagyny döretmek we işini düzgünleşdirmek baradaky ylalaşyk, Söwda dolanyşygyny ýokarlandyrmak we kärhanalar bilen kompaniýalaryň arasynda özara peýdaly hyzmatdaşlygy giňeltmek baradaky ylalaşyk, Gümrük serhedinden daşalýan harytlar we ulaglar barada deslapky maglumatlary alyşmagy guramak baradaky teswirnama degişlidir.

Habarda bellenilişi ýaly, işewür toparlarynyň wekilleri üçin wiza amallaryny ýönekeýleşdirmek baradaky ylalaşyga we 2004-nji ýylyň 19-njy noýabryndaky raýatlaryň özara syýahatlary baradaky ylalaşyga üýtgetmeler girizmek baradaky teswirnama gol çekildi. Bu gazanylan ylalaşyklar iki ýurduň telekeçileri üçin amatly şertleri döreder we milletara sazlaşygy berkitmäge hyzmat eder.

Mundan başga-da, duşuşygyň dowamynda ulag, üstaşyr  gatnawy, suw tygşytlaýyş tehnologiýalary, şeýle hem adalat, sosial gorag, statistika, karantin we ösümlikleri goramak, ylym we medeniýet ýaly ugurlardaky hyzmatdaşlygy has hem giňeltmek üçin resminamalara gol çekildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Özbegistana iki günlük resmi sapary duşenbe güni başlandy. Saparyň çäginde şol gün Daşkentde Özbek-türkmen ykdysady forumy geçirildi.

(Suratlar: Özbegistanyň Prezidentiniň metbugat gullugy)