AÖB: Türkmenistanyň ykdysady ösüşi 2023-nji ýylda 6,5% ýokarlanar

BIZNES TÜRKMENISTAN
AÖB: Türkmenistanyň ykdysady ösüşi 2023-nji ýylda 6,5% ýokarlanar
AÖB-niň 2022-nji ýylyň sentýabr aýyndaky hasabatynda 2023-nji ýylda Türkmenistanyň jemi içerki önüminiň 5,8 göterim boljakdygyny çaklady.

Aziýanyň Ösüş Banky (AÖB) 2023-nji ýylda Türkmenistanyň jemi içerki önüminiň 6,5 göterim ýokarlanjakdygyny çaklaýar. Bu bolsa Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda iň ýokary görkezijidir. Bu barada AÖB-niň soňky çaklamasyna salgylanyp, "Trend" agentligi ýekşenbe güni habar berdi.

“Bu çaklama has köp maýa çykdajylaryny we uglewodorod eksportyna ýokary islegi göz öňünde tutýar. Bu döwürde nebitiň we gazyň ýokary bahalaryň saklanyp galmagyna we eksportyň mukdarynyň artmagyna garaşmak bilen bu önümleriň önümçiligi we eksporty ösüşini dowam etdirer” diýip, AÖB-niň çaklamasynda aýdylýar.

AÖB-niň 2022-nji ýylyň sentýabr aýyndaky hasabatynda 2023-nji ýylda Türkmenistanyň jemi içerki önüminiň 5,8 göterim boljakdygyny çaklady.

Aziýanyň Ösüş Bankynyň habar bermegine görä, Türkmenistanyň jemi içerki önüminiň ösüşi 2022-nji ýylda 6,2 göterime ýetdi. Bu uglewodorod eksportynyň, ilkinji nobatda tebigy gazyň has ýokary bahalarda we COVID-19 pandemiýasy gutarandan soň harytlara içerki islegiň artýandygyny görkezýär. Nebitiň we gazyň eksporty esasan Hytaýa, Azerbaýjana we Eýrana artdy.

Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky (ÝTÖB) 2023-nji ýylda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleriniň 4,9 göterim, 2024-nji ýylda bolsa 5,4 göterim ösjegini çaklaýar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022