Altynyň bahasy taryhda iň ýokary derejä ýakynlaşýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Altynyň bahasy taryhda iň ýokary derejä ýakynlaşýar
Diňe amatly bazar şertlerinde altyn ep-esli girdeji getirip biler.

Soňky döwürde altynyň bahasy has-da ýokarlanyp, birnäçe ýagdaýlar onuň bahasynyň taryhdaky iň ýokary derejesine ýakynlaşmagyna sebäp bolýar. Soňky alty aýyň dowamynda altynyň bahasy takmynan 20 göterim ýokarlanyp, bir unsiýasynyň bahasy 2 müň ABŞ dollaryndan geçdi. Bu barada ABŞ-nyň maliýe we ykdysady žurnaly “Forbes” habar berýär.

2020-nji ýylyň awgust aýynda altynyň bahasy iň ýokary derejä, ýagny 2075 ABŞ dollaryna ýetdi we bilermenler bu derejäniň 2023-nji ýylda ýokarlanyp biljekdigini çaklaýarlar. Şeýle hem altyna bolan islegi döredýän ýagdaýlar dünýä ykdysadyýetini we geosyýasy dartgynlygy öz içine alýar.

Mundan başga-da, pes göterimler we merkezi banklaryň altyny satyn almaklary onuň bahalaryna dünýä derejesinde täsir edýär. Bütindünýä altyn geňeşiň maglumatlaryna görä, 2022-nji ýylda altyna bolan isleg 18 göterim ýokarlanyp, 4741 tonna ýetdi. Şol bir wagtyň özünde zergärçilik önümleri dünýäde iň köp sarp edilýän pudaga öwrüldi. Şeýle-de altyn senagat we elektrik böleklerini öndürmek üçin hem ulanylýar.

Seljerme işini geçirýän “DataTrek Research” kompaniýasy portfeliň az bölegini diwersifikasiýa maksady bilen altyna goýmagy maslahat berýär. Taryhda altynyň bahalary aksiýalar we obligasiýalar bilen pes arabaglanyşykda bolup, bazar çökgünligi wagtynda ýitgileri azaltmaga kömek edýär. 1971-nji ýyldan 2022-nji ýyla çenli altynyň ortaça ýyllyk girdejisi 7,7 göterim bolup, şol döwürde dollaryň nominal girdejisinden 4,2 göterim ýokarydy. Şeýle bolsa-da, altyna doly maýa goýmazdan ozal töwekgelçilikleri göz öňünde tutmak möhümdir.

2022