“Gündogar şöhlesi” Almaty şäherinde geçirilen halkara sergä gatnaşdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Gündogar şöhlesi” Almaty şäherinde geçirilen halkara sergä gatnaşdy
“Gündogar şöhlesi” hojalyk jemgyýeti edara we okuw esbaplary, kanselýariýa harytlary boýunça geçirilen ýedinji halkara sergide, 2023-nji ýylyň 14-17-nji maýy, Almaty, Gazagystan (Surat: USAID-iň “Instagram” sahypasy)

Türkmenistanda topukçaly syýagalamlaryň önümçiligini alyp barýan “Gündogar şöhlesi” hojalyk jemgyýeti şu ýylyň 14-17-nji maý aralygynda Gazagystanyň Almaty şäherinde edara we okuw esbaplary, kanselýariýa harytlary boýunça geçirilen ýedinji halkara sergä gatnaşdy. Bu barada ABŞ-nyň Halkara ösüş guramasynyň (USAID) “Instagram” sahypasynda habar berilýär.

Kompaniýa sergä USAID-iň telekeçiligi we işewürlik jemgyýetini ösdürmek boýunça alyp barýan taslamasynyň ýardam bermegi esasynda gatnaşdy.

“Gündogar şöhlesi” kärhanasy bu serginiň çäginde Gazagystan, Gyrgyz Respublikasy, Özbegistan, Birleşen Arap Emirlikleri we Türkiýe ýaly birnäçe ýurtlardan gelen ondan gowrak satyn alyjylar bilen geljegi uly hyzmatdaşlyklary ýola goýdy.

Habarda bellenilişi ýaly, bütin Afrikada giň ulgamy bolan (distribýutor) BAE-den gelen işewür “Gündogar şöhlesi” kärhanasynyň topukçaly syýagalamlaryny Afrika bazaryna çykarmaga aýratyn gyzyklanma bildirdi.

“Gündogar şöhlesi” kärhanasy şu ýyl ösüş strategiýasynyň bir bölegi hökmünde Gazagystanyň we Gyrgyz Respublikasynyň bazarlaryna önümleriniň eksportyny artdyrmagy meýilleşdirýär.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan “Gündogar şöhlesi” hojalyk jemgyýeti aýda takmynan 2 million töweregi topukçaly syýagalamlary öndürmäge ukyplydyr. Kompaniýanyň önümleri diňe bir içerki bazary doly üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem goňşy ýurtlara-da eksport etmäge mümkinçiligi bardyr.

2022