Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) sişenbe güni geçiren söwdalarynda Owganystanyň we BAE-niň işewürleri 15 müň tonna suwuklandyrylan gaz satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy 5 million 88 müň ABŞ dollaryna barabar boldy.
BAE-den gelen telekeçiler bir tonnasynyň bahasy 725,25 ABŞ dollaryna deň bolan A-92 kysymly awtoulag benzininiň 10 müň tonnasyny satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy 7 million 252 müň 500 ABŞ dollaryna deň boldy. Bu barada TDHÇMB-nyň resmi saýtynda habar berilýär.
Şeýle hem Türkiýäniň işewür toparlarynyň wekilleri daşary ýurt puluna umumy bahasy 955 müň 675 ABŞ dollaryna barabar bolan ýüplük satyn aldylar.
Mundan başga-da, Azerbaýjanyň we Gyrgyz Respublikasynyň telekeçileri agyr flanel matasyny satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy 2 million 381 müň 275 ABŞ dollaryna deň boldy.
Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepde daşary ýurt puluna geçiren söwdalarynyň möçberi 131 million 657 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy.