Beýik Britaniýanyň resmisi işewürlik hyzmatdaşlygyny giňeltmek üçin Türkmenistana geler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Beýik Britaniýanyň resmisi işewürlik hyzmatdaşlygyny giňeltmek üçin Türkmenistana geler
Daşary işler, arkalaşyk we ösüş ministriniň parlament orunbasary Leo Doherti (Surat: leodocherty.org.uk)

Beýik Britaniýanyň Daşary işler, arkalaşyk we ösüş ministriniň parlament orunbasary Leo Doherti türkmen bazaryndaky britan işewürligi üçin täze mümkinçilikleri ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen Türkmenistana geler. Bu barada Beýik Britaniýanyň döwlet pudagynyň web sahypasynda duşenbe güni habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, Beýik Britaniýanyň Daşary işler, arkalaşyk we ösüş ministriniň parlament orunbasary ýurduň resmi adamlary we işewür toparlaryň ýolbaşçylary bilen britan işewürliginiň geljegini ara alyp maslahatlaşmak üçin duşuşyklary geçirer.

Mundan başga-da, metan zyňyndylaryny azaltmak we sebitdäki howanyň üýtgemegine garşy göreşmek türkmen resmileri bilen geçiriljek gepleşikleriň esasy mowzuklarynyň biri bolar diýlip, habarda bellenilýär.

Beýik Britaniýanyň Daşary işler, arkalaşyk we ösüş ministriniň parlament orunbasary Leo Doherti Türkmenistana amala aşyrjak saparynyň çäklerinde türkmen halysynyň milli muzeýine baryp görer we bu ýerde Beýik Britaniýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky medeni gatnaşyklary pugtalandyrmak meselesi ara alnyp maslahatlaşylar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022