Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda şu ýylyň 26-njy noýabrynda “Durnukly ulag: durnukly ösüşe goşant” atly halkara ylmy-amaly maslahat geçiriler. Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakyýew anna güni geçirilen nobatdaky Hökümet mejlisiniň barşynda mälim etdi.
Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar berşi ýaly, maslahatyň çäklerinde “Bütindünýä durnukly ulag güni” Kararnamasynyň kabul edilmegi mynasybetli ýörite sergi hem guralar.
Mälim edilişine görä, gibrid görnüşde geçiriljek maslahat BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň, halkara, sebit we sebitara ulag düzümleriniň, ulag ulgamynda işleýän iri kompaniýalaryň wekillerini bir ýere jemlär.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow öz gezeginde Bütindünýä durnukly ulag güni mynasybetli guraljak halkara ylmy-amaly maslahaty ýokary derejede geçirmek barada görkezmeleri berdi.
Hökümet mejlisinde Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm wezipelerine, birnäçe resminamalaryň taslamalaryna hem-de beýleki käbir meselelere garaldy.
Şu ýylyň 26-njy noýabrynda Aşgabatda şeýle hem Ulag-üstaşyr geçirmek we logistika meseleleri boýunça türkmen-gazak bilelikdäki iş toparynyň birinji duşuşygy geçiriler.