“Türkmenhimiýa” döwlet konserni tarapyndan öndürilen önümleriň we ýerine ýetirilen işleriň möçberi 176 million manada barabar bolup, meýilnama 137,7 göterim ýerine ýetirildi. Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň gurluşyk we senagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary Baýmyrat Annamämmedow anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa hasabat berdi.
Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň gurluşyk we senagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary şu ýylyň ýanwar aýynda Gurluşyk we binagärlik ministrligi boýunça ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasynyň 110,2 göterime, Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi boýunça önümleri öndürmegiň hem-de işleri ýerine ýetirmegiň meýilnamasynyň 104,3 göterime, Energetika ministrligi boýunça 115,8 göterime deň bolandygy barada habar berdi.
Hasabata görä, 2024-nji ýylyň ýanwarynda Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentligi tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 109,1 göterime, Aşgabat şäheriniň häkimligi boýunça 111,4 göterime deň boldy.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan iri önümçilik, durmuş maksatly binalaryň hem-de desgalaryň gurluşygynyň bellenen möhletlerde ýokary hilli tamamlanmagyna berk gözegçilik etmegi wise-premýere tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde ýurduň milli ykdysadyýetiniň pudaklary tarapyndan şu ýylyň ýanwarynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, şeýle hem döwlet durmuşynyň käbir möhüm meselelerine garaldy.