Mary welaýatynda poliefir we polipropilen süýümlerini öndürýän kärhana açyldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Mary welaýatynda poliefir we polipropilen süýümlerini öndürýän kärhana açyldy
Poliefir we polipropilen süýümlerini öndürýän önümçilik kärhananyň açylyş dabarasy, Mary welaýatynyň Wekilbazar etraby, Türkmenistan

Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabynyň Mülkamaşa geňeşliginde “Berk önüm” hususy kärhanasynyň täze poliefir we polipropilen süýümlerini öndürýän önümçilik kärhanasy açylyp ulanylmaga berildi.

“Türkmenistan” gazetiniň sişenbe güni habar bermegine görä, täze önümçilik kärhananyň gurluşygy “Dana çözgütler” hususy kärhanasy tarapyndan alnyp baryldy.

Ýeňil senagatda giňden peýdalanylýan poliefir we polipropilen süýümlerini öndürjek täze kärhananyň önümçilik kuwwaty bir gije-gündiziň dowamynda ýerli çig maldan 20 tonna poliefir ýa-da 10 tonna polipropilen süýümini öndürmäge barabardyr.

Bu ýerde oturdylan enjamlar Hytaýyň dünýä belli kompaniýalarynyň iň kämil tehnologiýalary bolup, sintepon öndürmäge mümkinçilik berýär.

Habarda bellenilişi ýaly, poliefir süýümi ýumşak oýunjaklary, ýorgan-düşekleri we beýleki dokma önümlerini öndürmekde örän amatlydyr. Polipropilen süýümi bolsa lukmançylyk-arassaçylyk hem-de izolýasiýa işlerinde we geotekstil önümçiliginde giňden ulanylýar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022