“Çalık Enerji” Türkmenistanda elektrik stansiýasynyň gurluşygy üçin maliýe kepilligini aldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Çalık Enerji” Türkmenistanda elektrik stansiýasynyň gurluşygy üçin maliýe kepilligini aldy
Mary döwlet elektrik stansiýasy, Türkmenistan

Türkiýäniň “Çalık Enerji” energiýa kompaniýasy Germaniýanyň “Commerzbank” bankyndan we Şweýsariýanyň eksport-karz gullugyndan Türkmenistanda kuwwatlylygy 1574 megawat bolan utgaşykly dolanyşykda işleýän elektrik stansiýasynyň gurluşygy üçin takmynan 586 million ABŞ dollary möçberinde maliýe kepilligini aldy. Bu barada “Global Trade Review” neşiri geçen hepdäniň çarşenbe güni habar berdi.

Elektrik stansiýasynyň gurluşygy 40 aý dowam edip, şol döwürde “Commerzbank” Türkmenistanyň döwlet energiýa kompaniýasyna “Çalık Enerji” kompaniýasynyň adyndan şertnama obligasiýalaryny çykarar.

“Swiss Export Risk Insurance” (Serv) ätiýaçlandyryş kompaniýasy kepillik bermek arkaly umumy gurnama bahasynyň takmynan ýarysyny öz içine alýan Şweýsariýadan elektrik enjamlarynyň eksportyny goldaýar.

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2023-nji ýylyň 28-nji oktýabrda gol çeken Kararyna laýyklykda, “Türkmenenergo” döwlet elektroenergetika korporasiýasyna Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynda kuwwatlylygy 1574 megawat bolan, utgaşykly dolanyşykda işleýän elektrik stansiýasyny we ony energoulgama birikdirmek üçin gerek bolan elektrik geçiriji ulgamlary gurmak hem-de bar bolan döwlet elektrik stansiýalary üçin zerur bolan ätiýaçlyk şaýlary satyn almak barada Türkiýe Respublikasynyň “Çalik Enerji Sanayi ve Ticaret A.Ş.” kompaniýasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi. Resminama laýyklykda, bu desga 2027-nji ýylyň maý aýynda ulanmaga doly taýýar edip berler.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022