Ýun Sok Ýol Türkmenistanyň Prezidentini Koreýa Respublikasyna barmaga çagyrdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Ýun Sok Ýol Türkmenistanyň Prezidentini Koreýa Respublikasyna barmaga çagyrdy
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýolyň arasynda geçirilen duşuşyk, 2024-nji ýylyň 10-njy iýuny, Aşgabat, Türkmenistan (Surat: Yonhap News)

Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýol Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy iki tarap üçin amatly wagtda Koreýa Respublikasyna sapar bilen gelmäge çagyrdy.

“Neýtralnyý Türkmenistan” gazetiniň 2024-nji ýylyň 11-nji iýunynda çap edilen sanynda habar berilmegine görä, iki ýurduň döwlet Baştutanlary duşenbe güni Aşgabatda ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdiler.

Habarda bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti çakylygy minnetdarlyk bilen kabul etdi. Saparyň seneleri diplomatik ýollar arkaly ylalaşylar.

Duşuşygyň dowamynda taraplar ykdysadyýet, durmuş, medeniýet ulgamlarynda, sebit we ählumumy meselelerde özara gyzyklanma bildirilýän ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmegi we çuňlaşdyrmagy ara alyp maslahatlaşdylar hem-de iki ýurduň özara bähbitli hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmek, umumy gülläp ösüşe ýardam bermek hakynda ylalaşdylar.

Şeýle hem Ýun Sok Ýol “Koreýa Respublikasy — Merkezi Aziýa” birinji sammitini geçirmegi teklip etdi.

Şol gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýol giňişleýin düzümde gepleşikleri geçirdiler we onuň netijesi boýunça ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy geçirildi.

2022