Aşgabadyň Büzmeýin etrabynda ýaşaýyş jaýlarynyň 8-si açyldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Aşgabadyň Büzmeýin etrabynda ýaşaýyş jaýlarynyň 8-si açyldy
Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynda täze ýaşaýyş jaýlarynyň açylyş dabarasy, 2024-nji ýylyň 28-nji iýuny, Türkmenistan

Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynyň Köpetdag köçesiniň ugrunda anna güni her biri 32 öýli, 4 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 8-siniň açylyş dabarasy geçirildi. Bu barada “Watan habarlary” gepleşigi anna güni habar berdi.

Ýaşaýyş jaýlarynyň açylyş dabarasyna Aşgabat şäheriniň häkimlikeriniň ýolbaşçylary, il sylagly ýaşulular, eneler, şäheriň köp sanly ilaty, paýtagtyň myhmanlary we ýaşlar gatnaşdylar.

Açylyş dabarasyna gatnaşan myhmanlar medeniýet we sungat ussatlarynyň taýýarlan şowhunly aýdym-sazly, tansly çykyşlaryna tomaşa etdiler.

Habarda bellenilişi ýaly, täze binalaryň töwerekleri abadanlaşdyrylyp, ýol-ulag düzümleri we inžener-tehniki üpjünçilik desgalary guruldy.

Şeýle hem dabaranyň dowamynda tapawutlanan gurluşykçylara Türkmenistanyň döwlet Baştutanynyň adyndan ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

2022