Täjigistandaky “Rogun” gidroelektrik stansiýasynyň gurluşygy sebitde we halkara giňişlikde uly gyzyklanma döredýär. Şol bir wagtda bu taslama Täjigistan üçin ykdysady bähbitleriň gelmegine ynandyrýan bolsa-da, onuň getirip biljek ekologiýa we durmuş netijeleri Merkezi Aziýanyň uzakmöhletleýin durnukly ösüşi nukdaýnazaryndan ünsli seljermegi talap edýär. Suw üpjünçiligi, ekoulgamyň durnuklulygy we sebit howpsuzlygy bilen bagly meseleler bu taslama degişli maslahatlaşmalaryň esasy özenine öwrülýär.
Oba hojalygy üçin ekologiýa netijeleri
Hasaba alynmaga degişli esasy şertleriň biri hem şol bir wagtda sebitiň ykdysadyýetiniň möhüm pudagy bolup durýan oba hojalygyna “Rogun” GES-niň ýetirýän täsiri bolup durýar. Bendiň gurulmagy netijesinde suwuň basjak zolaklary ekerançylyk ýerleriň köp ýyllardan bäri ösüp oturan baglaryň uly bölegini öz içine alar. Wahş we Amyderýa derýalaryndaky suwuň derejeleriniň üýtgemegi derýanyň aşaky akymlarynda suwarymly ýerleriň meýdanyny azaldyp biler. Suwaryş möwsüminde bolup biljek suw gytçylygy hasyllylygyň peselmegine we oba hojalygynda kadaly suw üpjünçiligiň bozulmagyna getirer. Şunda suwarymly ekerançylyk azyk howpsuzlygynda möhüm orun eýeleýär.
Içimlik suw üpjünçilige täsiri
Täjigistan, Özbegistan, Türkmenistan we Owganystan üçin içimlik suwuň esasy çeşmesi bolup durýan Amyderýa «Rogun» GES-niň işini netijesinde düýpli üýtgeşmelere sezewar bolar. Derýada suwuň peselmegi arassaçylyk şertlerini ýaramazlaşdyrmak we eýýäm suw serişdeleri çäkli bolan bu ýurtlarda durmuş dartgynlylygyny döretmek bilen millionlarça adamyň suw üpjünçiligine uly täsirini ýetirip biler.
Aral deňzi bilen bagly meseleler
Amyderýa akymyň azalmagy bilen suw serişdeleriniň ýetmezçiligini başdan geçirýän Aral deňzini suwlulandyrmakda möhüm orun eýeleýär. Derýanyň suwunyň peselmegi hünärmenleriň çaklamagyna görä Aral deňziniň duzlulyk we guramak derejesini ýokarlandyryp biler. Munuň özi ekologiýa ýagdaýyň has-da ýaramazlaşmagyna we sebitde durnuksyzlygyň ýokarlanmagyna getirer.
Seýsmiki işjeňlik bilen bagly bolup biljek netijeler
Seýsmiki taýdan işjeň zolakda “Rogun” GES-niň gurulmagy goşmaça wehimleri döredýär. Ýertitreme ýa-da beýleki tebigy betbagtçylyklaryň dörän ýagdaýynda bendiň ýumrulmagy diňe bir Täjigistana däl, eýsem, goňşy ýurtlara hem täsirini ýetirip biljek uly meseledir. Bu uly weýrançylyklara we köp möçberdäki pidalara hem-de uzak möhletli ekologiýa netijelere getirip biler.
Halkara hyzmatdaşlyk we ekologiýa maslahatlary
Halkara hyzmatdaşlygy Merkezi Aziýanyň energetika düzümleriniň ösüşinde möhüm orun eýeleýär. Täjigistandaky energetika taslamasyny goldamak maksady bilen birnäçe maliýe düzümleri öz tagallalaryny birleşdirdiler. Arap ykdysady ösüşiniň Kuweýt gaznasy sebitiň energetika kuwwatyny berkitmäge 16,7 million dollar bölüp berdi. Ondan öň, Bütindünýä banky taslamanyň başlangyç tapgyryna 350 million dollar möçberindäki maliýe serişdelerini hödürledi, Saud ösüş gaznasy bolsa 100 million dollar bölüp bermegi makullady. Muňa garamazdan, bilermenler bu iri taslamanyň durmuşa geçirilmeginiň ähli taraplaryň bähbitlerini göz öňünde tutýan inklýuziw çemeleşmäni talap edýändigini aýdýarlar. Şunda sebit hyzmatdaşlarynyň, halkara maliýe guramalarynyň we ekologiýa toparlaryň arasynda umumy ylalaşygyň gözlenilmegi möhüm ugurdyr. Ykdysady ösüş, energetika desgalaryň döwrebaplaşdyrylmagy we daşky gurşawyň goralmagy ileri tutulýan ugurlar bolmagynda galýar diýip, halkara seljeriş toparlary belleýärler.
Mümkin bolan halkara çözgütler
“Rogun” GES-i ýaly iri taslamalaryň durmuşa geçirilişinde Merkezi Aziýada suw üpjünçilik we energetika meseleleirni has netijeli çözüp biljek alternatiw ugurlary göz öňünde tutmak möhümdir. Halkara seljeriş toparlary şeýle desgalaryň gurluşygyna gönükdirilen serişdeleriň Amyderýanyň we Aral deňziniň ekoulgamlaryny dikeltmek üçin ulanylyp bilinjekdigini belleýärler. Munuň özi sebit üçin has durnukly we ekologiýa taýdan howpsuz netijeleri üpjün edip bilerdi.
Bilermenleriň pikirine görä, “Rogun” GES-niň Täjigistan üçin ykdysady bähbitlerine garamazdan, onuň gurluşygynyň ekoulgam, durmuş we geosyýasy netijeleri toplumlaýyn çemeleşmäniň zerurdygyny nygtaýar. Bu taslamanyň çäklerinde kabul edilýän çözgütler Merkezi Aziýa ýurtlarynyň uzakmöhletleýin durnukly ösüşini we howpuzlygyny üpjün etmek üçin bu ýurtlaryň ählisiniň bähbitlerini göz öňünde tutmalydyr.