“Türkmengaz” DK-na Hytaýyň CNPC kompaniýasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi

BT
“Türkmengaz” DK-na Hytaýyň CNPC kompaniýasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi
"Galkynyş" gaz käni, Mary welaýaty, Türkmenistan

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow anna güni sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde “Türkmengaz” döwlet konsernine “Galkynyş” gaz käniniň dördünji tapgyrynyň çäginde ýylda 10 milliard kub metr harytlyk gazy taýýarlaýan desgany gurmak barada Hytaý Halk Respublikasynyň “CNPC Amudarya Petroleum Company Ltd.” kompaniýasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berýän Karara gol çekdi.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, Karara laýyklykda “CNPC Amudarya Petroleum Company Ltd.” kompaniýasy şol möçberde harytlyk gazy taýýarlamak üçin ýeterlik boljak ulanyş guýularyny taslamalaşdyrar hem-de doly taýýar edip gurar.

Bu resminama berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurduň nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek we türkmen tebigy gazynyň çykarylyşyny artdyrmak maksady bilen kabul edildi.

Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

2022