“Aýdyň Gijeler” kompaniýasy ýakyn wagtda Türkmenistanyň nebitgaz pudagy üçin täze nesil radioterminallaryň önümçiligini ýola goýmagy meýilleşdirýär. Bu barada kompaniýanyň üpjünçilik we satyn alyş bölüminiň müdiri Ruslan Taşow “Trend” agentligine beren interwýusynda habar berdi.
Ruslan Taşowyň aýtmagyna görä, radioterminallar ýokary derejeli howpsuzlygy we köpugurlylygy bilen tapawutlanar. Täze enjamlar nebitgaz pudagynda işleýän hünärmenleriň işini ýeňilleşdirmäge we optimizirlemäge gönükdirilendir.
Şeýle hem kompaniýanyň üpjünçilik we satyn alyş bölüminiň müdiri “Aýdyň Gijeleriň” öz tehnologiýa çözgütlerini, şol sanda köpugurly monobloklary, Türkmenistanyň nebitgaz pudagynyň edara we önümçilik infrastrukturasynda ulanmak üçin hödürleýändigini belledi we bu çözgütleriň “Galkynyş” käninde hem ulanylyp bilinjekdigini aýtdy.
Taşowyň bellemegine görä, kompaniýa uzak wagt bäri ýurduň energetika infrastrukturasyny goldamaga gönükdirilen taslamalary durmuşa geçirýär we pudakdaky edara hem-de önümçilik gurşawlaryna aýratyn üns berýär.
“Aýdyň Gijeler” kompaniýasy 2016-njy ýylda Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň goldawy bilen döredildi. Häzirki wagtda kompaniýanyň önümçilik kuwwatlyklary 5 gektardan gowrak meýdany eýeleýär we 10-dan gowrak önümhanalary öz içine alýar. Öndürilýän önümleriň sanawy 30-dan gowrak görnüşi ýagny, LED çyralary, kabel önümlerini, kompýuter tehnikasyny we telekommunikasiýa enjamlary öz içine alýar.

















