Gurbanguly Berdimuhamedow “KazanForm” halkara ykdysady foruma gatnaşmak üçin Kazana bardy

BT
Gurbanguly Berdimuhamedow “KazanForm” halkara ykdysady foruma gatnaşmak üçin Kazana bardy
Gurbanguly Berdimuhamedow we Rustam Minnihanow, 2026-njy ýylyň 13-nji maýy, Kazan, Tatarystan (Surat: Rustam Minnihanow)

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow çarşenbe güni sapar bilen Kazana bardy. Bu barada Rustam Minnihanowyň resmi metbugat gullugy habar berdi.

G.Tukaý adyndaky Kazan halkara howa menzilinde Gurbanguly Berdimuhamedowy Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow hem-de beýleki resmi adamlar garşyladylar.

Gurbanguly Berdimuhamedow  “Russiýa – Yslam dünýäsi: KazanForum” atly halkara ykdysady foruma we onuň çäklerinde geçiriljek çärelere gatnaşar.

“Russiýa – Yslam dünýäsi: KazanForum” forumy Russiýa Federasiýasy bilen yslam dünýäsiniň ýurtlarynyň arasynda ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin esasy meýdançalaryň biri bolup durýar.

2022