Russiýanyň "Aeroflot" we Belarusiýanyň "Belavia" awiakompaniýasy Minsk şäheri arkaly utgaşykly gatnawlar üçin bitewi awiapetekleriň satuwyna başlady. Täze ugurlar Türkmenbaşy şäheriniň Halkara howa menziline gatnawlary hem öz içine alýar. Bu barada "Aeroflot" kompaniýasy habar berdi.
Ylalaşygyň çäklerinde ýolagçylar Minsk arkaly Türkmenbaşa, şeýle hem Tbilisi, Kutaisi, Batumi we Tel-Awiw şäherlerine bir bitewi petek esasynda uçarlar. Moskwa bilen Minskiň arasyndaky gatnawlary "Aeroflot", Minskden soňky uçuşlary bolsa "Belavia" amala aşyrýar.
Türkmenistana barýan we yzyna dolanýan ýolagçylar bir bitewi petek bilen syýahat edip, goşlaryny ahyrky barmaly ýerine çenli tabşyryp bilerler. Goşlar Minskde gaýtadan resmileşdirilmezden beýleki uçara geçirilýär. Şeýle hem ýolagçylar ähli uçuş ugurlary üçin oturyş talonlaryny öňünden alýarlar.
Täze maksatnama Belarusiýanyň sebitlerinden ugraýan ýolagçylar üçin hem goşmaça mümkinçilikleri döredýär. Olar Minsk, Moskwa ýa-da Sankt-Peterburg arkaly "Aeroflot" toparynyň ugurlar torundan peýdalanyp, beýleki ugurlar boýunça syýahatlaryny dowam etdirip bilerler.
Bitewi awiapetekleri awiakompaniýalaryň resmi internet platformalarynda we satuw ofislerinde satyn alyp, uçuş tertibi bilen hem şol ýerlerde tanşyp bolýar.

















