Tramp Türkmenistana täze ilçi belleýär

Tramp Türkmenistana täze ilçi belleýär

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Tramp Wirjiniýa ştatyndan Metýu S. Klimowy ABŞ-nyň Türkmenistandaky indiki ilçisi wezipesine laýyk gördi. Eger tassyklansa, Klimow ilçi Allan Mastardyň ýerine geçer. 

19-njy martda Ak Tam Prezident Trampyň Metýu S. Klimowy ABŞ-nyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine hödürlemäge niýetlenýändigini yglan etdi.

Hormatly dynç alyşdaky polkownik Metýu S. Klimow görnükli esger we döwlet işgäri bolup, ol häzir ABŞ-nyň Döwlet Departamentiniň dolandyryş boýunça bölüminde uly maslahatçy wezipesinde işleýär. Klimow mundan öň Brýusselde NATO-nyň Baş sekretarynyň orunbasarynyň kömekçisi, 1974-2003-nji ýyllar aralygynda bolsa ABŞ-nyň Ýaragly güýçleriniň ofiseri wezipesinde işläp, polkownik harby çini bilen hormatly dynç alyşa çykdy. Ol ençeme diplomatiki wezipelerde, şol sanda Döwlet Departamentiniň Konsullyk býurosynyň we Administrasiýa býurosynyň ýerine ýetiriji direktory wezipelerinde hem işledi.    

Harby edaralarda işlän döwründe, polkownik Klimow ABŞ-nyň wise-prezidentiniň ýörite maslahatçysy, Döwlet sekretarynyň harby maslahatçysy, şeýle-de Baş ştabyň başlygynyň ýerine ýetiriji kömekçisi wezipelerini eýeledi.

Ol özüniň bakalawr derejesini ABŞ-nyň West Point Harby akademiýasyndan, magistr derejesini Missuri Ştatynyň St. Louis şäherindäki Webster uniwersitetinden, harby ylymlar boýunça magistr derejesini bolsa ABŞ-nyň Harby komandowaniýe we Baş ştab kolledžinden aldy. Klimow fransuz dilini hem bilýär.      

Klimowyň ýan-ýoldaşy hormatly dynç alyşdaky maýor Edie Gunnelsdir. Olaryň bir ogly bolup, ol hukukçy wezipesinde işleýär.

Metýu S. Klimowyň ilçi wezipesine bellenmegini indi ABŞ-nyň Senaty tassyklamaly.

Allan Mastard ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi wezipesinde 2014-nji ýyldan bäri işleýär.