Hazaryň kenarýaka zolagynyň ekologiýa kartasy düzüldi

Hazaryň kenarýaka zolagynyň ekologiýa kartasy düzüldi
Gidrohimiki seljermeleriň netijeleri kenarýaka zolagyň ekologiýa kartasyny düzmek üçin esas boldy.

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynyň gidrohimiýa we daşky gurşawyň ekologiýasy laboratoriýasynyň alymlary Hazar deňziniň kenarýaka zolagynda barlag geçirdiler. Iki ýylyň dowamynda Garabogazdan Esengula çenli tutuş kenarda deňiz suwunyň ýagdaýy öwrenildi.

Gidrohimiki seljermeleriň netijeleri kenarýaka zolagyň ekologiýa kartasyny düzmek üçin esas boldy. Barlaglar deňziň orta we günorta böleginiň şorlugynyň ýokarlanmagynyň esasy sebäplerini anyklamaga mümkinçilik berdi. Alymlar suwda duzuň artmagynyň, ozaly bilen, dünýä ummanynyň bir bölegi bolan Hazaryň taryhy gelip çykyşy, şeýle hem deňziň günorta böleginiň düýbüniň gyzyl reňkli geologik gatlagynyň geologik gurluşy bilen baglydygyny ýüze çykardylar. Hut şol ýerde ýokary minerallaşan demirli suwlar we ýanardag ojaklary bar. Olar suwda eräp, onuň şorlulygyny ýokarlandyrýarlar.

Aşgabatly himiýaçylaryň barlaglarynyň möhüm amaly ähmiýeti bardyr. Suwda duzuň mukdarynyň artmagynyň deňiz jandarlarynyň, aýratynam bekre balyjyklaryň ösmegine ýaramaz täsir edýändigi subut edildi. Mundan başga-da, kenarýaka suwlaryň duzunyň ýokarlanşyny öwrenmek hojalyk işlerini meýilleşdirmeklige hem kömek edip biler.

Kenarýaka zolagyň ekologiýa kartasynyň düzülmegi deňiz ýalpaklaryny özleşdirýän kompaniýalaryň hünärmenlerine deňizde iş alyp baranlarynda suwdaky duzuň mukdaryna görä gurallary saýlamagyna ýardam eder.

Türkmen alymlary beýleki Hazarýaka ýurtlaryndaky kärdeşleri bilen bilelikde Hazar deňziniň ekoloigiýa ensiklopediýasyny düzmäge gatnaşmagy göz öňünde tutýarlar.

“Türkmenistan: Altyn asyr”

2022