Türkmen öý harytlary Ýewropa bazaryna ymtylýar

Türkmen öý harytlary Ýewropa bazaryna ymtylýar
Bilermeniň pikirine görä, türkmen harytlarynyň Ýewropa eksport etmek mümkinçilikleri uludyr.

20-nji iýunda paýtagtymyzyň “Olimpiýa” myhmanhanasynda türkmen telekeçileri üçin “Öý bezegi we öý tekstil harytlarynyň Ýewropa ýurtlaryna eksporty” ady bilen seminar geçirildi. Ýewropa Bileleşiginiň “Türkmenistanda oba hojalygynyň we obalaryň mundan beýläk hem durnukly ösüşine ýardam – III tapgyr” taslamasynyň çäginde gurnalan seminary geçirmek üçin, Gollandiýadan Ýewropa bazarlarynda “öý üçin” harytlaryň satuw işleri boýunça bilermen jenap Kornelis Bronk çagyryldy.

El işleri, dokma we öý üçin beýleki harytlaryň öndürijileriniň gatnaşmagynda geçirilen seminaryň dowamynda bilermen öý harytlarynyň Ýewropa görnüşleri, şeýle haryt bazarynda häzirki zaman ýörelgeleri, Ýewropada alyjylaryň islegleri, türkmen harytlarynyň potensial artykmaçlyklary, şeýle-de ÝB-ne öý bezegi we dokma önümlerini import etmekligiň logistika we baha aýratynlyklary barada gürrüň berdi.

Tutuş hepdäniň dowamynda, jenap Bronk türkmen harytlarynyň Ýewropa bazarlaryna eksport mümkinçiliklerine baha bermek maksady bilen, Ahal we Mary welaýatlarynda ýüňden, ýüpekden, tekstilden, agaçdan, palçykdan we beýleki materiallardan öndürilen türkmen milli we döwrebap önümleri bilen tanyş boldy. Bilermen öndürijiler we potensial eksport edijiler bilen duşuşyklaryň çäginde, türkmen önümleri üçin dizaýn, reňk sazlaşygy, brending, marketing we baha kesmek işleri boýunça maslahatlaryny berdi. Bilermeniň pikirine görä, türkmen harytlarynyň Ýewropa eksport etmek mümkinçilikleri uludyr.

Aýratyn hem, öndürijileriň türkmen harytlarynyň ýeke-täk ýygyndysyny döretmekde alyp barjak bilelikdäki tagallalary, bu harytlaryň ýöriteleşdirilen sergilere, mysal üçin her ýyl Frankfurtda we Parižde geçirilýän sergilere çykarylmagy bu ugurda uly mümkinçilikleri döreder diýip, bilermen belledi.

Hepdäniň anna güni gollandiýaly bilermen türkmen harytlaryny daşary ýurtlara çykarmaga ýöriteleşýän türkmen maslahat berijileri üçin okuw maslahaty geçirýär.

2022