ÝTÖB wekili Türkmenistandaky işini tamamlaýar

BT
ÝTÖB wekili Türkmenistandaky işini tamamlaýar
Bankyň mümkinçiliklerinden peýdalanmak isleýän telekeçiler üçin ýörite maslahat beriş çäreleri gurnalýar.

Sişenbe güni Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň (TSTB) ýolbaşçysy Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş Bankynyň (ÝTÖB) Türkmenistandaky wekili Engin Göksu bilen duşuşdy.

Ýakynda Türkmenistanda öz işini tamamlaýan Engin Göksu türkmen telekeçileri bilen kanagatlandyryjy hyzmatdaşlyk saklandyklaryny we munuň netijesinde birnäçe täze taslamany maliýeleşdirmäge gatnaşandyklaryny beýan etdi. Duşuşygyň dowamynda TSTB-niň ýolbaşçysy ÝTÖB-niň kiçi we uly görnüşli telekeçilere beren maliýe goldawlary üçin minnetdarlyk bildirdi.

ÝTÖB 2019-njy ýylyň 30-njy apreline çenli Türkmenistanda 72 taslama gatnaşyp, 271 million ýewro maliýe serişderlerini sarp etdi. 2018-nji ýylyň dowamynda ÝTÖB ýerli telekeçiler bilen umumy mukdary 11 million ýewro bolan 7 sany karz şertnamasy baglaşdy; 2017-nji ýylda bolsa 8 taslama 29 million ýewro maliýe goldawy berdi. Bankyň mümkinçiliklerinden peýdalanmak isleýän telekeçiler üçin ýörite maslahat beriş çäreleri gurnalýar.

Häzirki wagtda ÝTÖB-niň Türkmenistandaky ofisi jemi bahasy 52 million ýewro bolan 29 taslamanyň üstünde işleýär.

2022