“Hazar balykda” ýylda 100 tonna bekre eti öndürilýär

“Hazar balykda” ýylda 100 tonna bekre eti öndürilýär
Toplumyň kuwwatlylygy ýylda 100 tonna bekre balygynyň etini, 2 tonna bekre balygynyň işbilini öndürmäge ukyplydyr.

Hazar deňzinde balyklaryň jemi ýüzden gowrak görnüşi hasaba alnandyr. Ylaýta­da, akbalyk, töp, kepir, çapak, silebalyk, takgaz, kefal, çüýbalyk, garabalyk, okun, zagara balyk, külke has köp duş gelýär. Bekre balygy bolsa, onuň iň gymmatly baýlygy hasaplanýar. “Gyzyl balyk” adyny alan bekräniň dünýä gorunyň 20 göterimi Hazaryň suwunda ýaşaýar.

Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynda gurlan, 2015-­nji ýylyň 7-­nji sentýabrynda açylyp, ulanylmaga berlen “Hazar balyk” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň (AGPJ) binalar toplumy hem ýurdumyzda halkymyzyň isleglerini kanagatlandyrmak üçin önümleri gaýtadan işleýän toplumlaryň hataryna goşuldy.

Ýurdumyzda bekre balygyny emeli usul bilen köpeltmek, onuň işbilini almak we balygy gaýtadan işlemek boýunça Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň “Hazar balyk” AGPJ-niň balyk toplumynyň täze binasynda ABŞ-­niň, Germaniýanyň, Fransiýanyň, Italiýanyň, Ispaniýanyň we beýleki ýurtlaryň döwrebap, iň kämil enjamlary, innowasion tehnologiýalary oturdyldy.

Umumy meýdany 6 gektar bolan toplumyň kuwwatlylygy ýylda 100 tonna bekre balygynyň etini, 2 tonna bekre balygynyň işbilini, kakadylan we beýleki balyk önümleriniň 170 tonnasyny, 10 million sany gaplanan balyk önümlerini öndürmäge ukyplydyr.

Bu kärhanada sowuk we gyzgyn kakadylan balyk delikatesleriniň her ýylda onlarça tonnasy öndürilýär. Gaýtadan işlenilen balyklar ýörite önümler, zerur witaminler bilen bugda bişirilýär. Taýýar bolan önümler bug bilen bişirilende, onuň düzümindäki ynsan bedeni üçin peýdaly witaminlere zeper ýetmeýär. Häzirki wagtda kärhanada balyk gaplamalary, sowuklygyna we gyzgynlygyna tüssede kakadylan, duzlanan we hoşboý marinada ýatyrylan balyklar öndürilýär.

Önümçilikde balyklaryň teňňeleri aýrylýar, ölçeglerine görä saýlanýar we balygyň süňkleri, gylçygy aýrylýar. Hamy aýrylyp taýýar bolan balyk eti hoşboý ys beriji witaminler we beýleki önümler bilen baýlaşdyrylyp, soňra gaplanylýar. Bugda bişirilen gaplanan görnüşdäki bölümlerden başga­-da, balyklar sehlerde kakatmak esasynda taýýarlanylýar.

"Hazar balyk" AGPJ 2013-nji ýylda türkmen kompaniýalary "Rowana", "Halys", "Guş toplumy" we "Myradym" tarapyndan esaslandyryldy.

2022