Tatarystan ulaglary SG geçirmek üçin hyzmatdaşlyk eder

Tatarystan ulaglary SG geçirmek üçin hyzmatdaşlyk eder
Surat: mpt.tatarstan.ru

Tatarystanyň Prezidenti Rustam Minnihanow ýurduň Senagat we söwda ministrine Türkmenistanda suwuklandyrylan gaza (SG) geçmek boýunça hyzmatdaşlyk etmegi tabşyrdy. Bu barada Kazan Kremliniň resmi wekili Liliýa Galimowa Tatarystan Respublikasynyň Ministrler Kabinetiniň brifinginde beýan etdi diýip, “Tatar-inform” habar berýär.

“Biziň senagat guramalarymyzyň hem gatnaşyp biljek Türkmenistanyň administratiw merkezleriniň birinde SG-ni motor ýangyçlary hökmünde ulanmak üçin nusgalyk taslamany işläp düzmek tabşyryldy” diýip, Galimowa belledi.

Tatarystanyň Senagat we söwda ministrligi we tatar senagat kompaniýalary Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň beýanlaryny göz öňünde tutup, Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy giňeltjek teklipleri hödürlärler.

“Biz Russiýada SG geçmek boýunça nusgalyk sebit bolup durýarys. Bizde ulaglary SG tehnologiýasyna geçirýän birnäçe kompaniýalar bar. Bar bolan tejribäni ol ýurtda ulanmaga taýyn bolmalydyrys. Türkmenistan – tebigy gaza baý ýurt we gorlary juda köpdür, şol sebäpli hem Türkmenistan bu iş bilen gyzyklanýar” – diýip Galimowa nygtady.

Şeýle hem Tatarystanyň Prezidentiniň hut özüniň birinji Hazar ykdysady forumynda gatnaşyjylary ýurduň kompaniýalary bilen tanyşdyrandygy habar berilýär.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022