Türkmenistan Garaşsyzlygynyň 28 ýyllygyny belleýär

Türkmenistan Garaşsyzlygynyň 28 ýyllygyny belleýär
Aşgabadyň baş meýdanynda geçirilen dabaraly ýörişiň dowamynda pudak edaralarynyň wekilleri hem münberiň öňünden geçdi.

Türkmenistanda Garaşsyzlyk gününiň 28 ýyllyk baýramçylygy ýurt derejesinde bellenilýär.

Garaşsyzlyk güni mynasybetli Aşgabadyň baş meýdanynda dabaraly ýöriş geçirildi. Tükmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň goşun görnüşleriniň, harby tehnikalarynyň nyzamly hereketleri bilen açylan dabaraly ýörişiň dowamynda pudak edaralarynyň wekilleri münberiň öňünden geçdi.

Hö­kü­met ag­za­la­ry, Mej­li­siň, har­by we hu­kuk go­raý­jy eda­ra­la­ryň, mi­nistr­lik­le­riň hem-de pu­dak­la­ýyn do­lan­dy­ryş eda­ra­la­ry­nyň, iri jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ry­nyň ýol­baş­çy­la­ry, we­la­ýat­la­ryň we Aş­ga­bat şä­he­ri­niň hä­kim­le­ri, Türk­me­nis­ta­nyň da­şa­ry ýurt­lar­da iş­le­ýän il­çi­le­ri hem-de döw­le­ti­miz­de iş­le­ýän dip­lo­ma­tik we­kil­ha­na­la­ryň baş­tu­tan­la­ry we da­şa­ry ýurt­ly işe­wür­ler münberden dabaraly ýörişe tomaşa etdi.

“Ýigrimi sekiz ýyl mundan ozal Garaşsyzlygyny bütin dünýä jar etmek bilen, Türkmenistan demokratik, hukuk we dünýewi döwlet gurluşly nusgalyk ýoly saýlap aldy. Garaşsyzlygymyzyň aýratyn jogapkärli ilkinji ýyllarynda ýurdumyz özbaşdak we erkin syýasaty durmuşa geçirmek, dünýäniň syýasy, ykdysady, medeni ösüşine mynasyp goşant goşmak bilen, ählumumy parahatçylygyň we ylalaşygyň hatyrasyna tagallalary birleşdirýän döwlet hökmünde abraýyny has-da pugtalandyrdy” diýip, dabaraly ýörişe gatnaşan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow baýramçylyk mynasybetli türkmenistanlylara iberen gutlagynda belledi.

Garaşsyzlygyň 28 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk çäreleri eýýäm birnäçe gün bäri dowam edýär. Dabaralar hepdäniň soňuna çenli dürli konsertler bilen dowam eder.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022