Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ygtyýarlyklary giňeldilýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ygtyýarlyklary giňeldilýär
Hususy ulgamy ösdürmek boýunça toplumlaýyn maksatnamalaryň amala aşyrylmagy netijesinde tutuş ýurdumyzda häzirki zaman önümçilikleri döredildi.

Şenbe güni Türkmenistanyň Mejlisiniň altynjy çagyrylyşynyň nobatdaky, ýedinji maslahat geçirilip, onda kanunlaryň we kadalaşdyryjy-hukuk namalaryň birnäçesi kabul edildi. 

Gün tertibine laýyklykda, parlamentarileriň garamagyna "Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi hakyndaky" Kanunyň taslamasy (täze redaksiýasy) hödürlendi.

Bellenilişi ýaly, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy we goldawy bilen döredilen Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi soňky 11 ýylyň dowamynda amala aşyran anyk işleri bilen özüniň ägirt uly wezipeleri çözmegiň hötdesinden gelýändigini görkezdi. Häzirki döwürde bu jemgyýetçilik guramasy dürli ugurlar boýunça uly döwlet taslamalaryny durmuşa geçirmäge gatnaşýan hususy eýeçilik pudagynyň 23 müňden gowrak wekilini özünde jemleýär. Birleşmäniň wekilhanalary Hytaýda, Birleşen Arap Emirliklerinde we Awstriýada, onuň söwda öýleri bolsa Owganystanda we Hytaýda açyldy.

Parlamentariler "Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi hakyndaky" Kanunyň täze redaksiýasynyň TSTB-niň işiniň hukuk, guramaçylyk we ykdysady esaslaryny kesgitleýändigini bellediler. Hususanda, ol bu jemgyýetçilik guramasynyň ygtyýarlyklaryny giňeldip, hem-de onuň hukuklaryny we borçlaryny anyklaşdyryp, ýurdumyzyň yzygiderli ösüşinde biznes jemgyýetçiliginiň ornuny ýokarlandyrýar.

Maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň kadalaşdyryjy-hukuk namalarynyň birnäçesine üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakyndaky kanun taslamalary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022