“Berk Tekeriň” ilkinji miwe hasyly 300 tonna ýetdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Berk Tekeriň” ilkinji miwe hasyly 300 tonna ýetdi
“Berk Teker” hasyllylygy iki essä çykaryp, 700 müň tonna dürli miweleri ýygmagy maksat edinýär.

Şu ýyl ilkinji hasylyny alan “Berk Teker” hususy kärhanasy 500 gektar ýerden 300 tonna miwe ýygdy. Indiki ýyl bu hususy kärhananyň işgärleri hasyllylygy iki essä çykaryp, 700 müň tonna dürli miweleri ýygmagy maksat edinýär.

“Berk Teker” Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň Börmi obasynda ýerleşýän meýdanynda 35 müň agaç nahallaryny dikdi. Döwrebap usullary bilen oturdylan bu ýokary sortly alma, armyt, şetdaly, ülje nahallary häzirkizaman görnüşinde suwarylýar.

Häzirki wagtda “Berk Teker” täze meýilnamany amala aşyrmagyň ugrunda. Kärhana goşmaça 400 gektar ýeri kärendä alyp, bu ýerde miweli agaçlary we pisse oturtmagy maksat edinýär.

Şol bir wagtda kärhana ýyladyşhana toplumyny gurup, gök-önüm we miweleri gaýtadan işlemegi meýilleşdirýär. Şu maksat bilen bu ýerde döwrebap enjamlaşdyryljak 10 müň tonna miwe saklamak üçin ammar we kiçi önümçilik desgasyny gurmak göz öňünde tutulýar.

Şu ýyl Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary bolan daýhan hojalyklary, hususy kärhanalar we fermerler 1600 gektardan gowrak meýdanda miwe baglaryny we 1500 gektarda üzüm nahallaryny oturtdylar. Ýurdumyz boýunça bagbançylyk üçin berlen ýer 8 müň gektar bolup, bu meýdanlarda 8 milliondan gowrak miweli agaç boý aldy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022