“100haryt” müşderilere söwdanyň ýeňil görnüşini hödürleýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
“100haryt” müşderilere söwdanyň ýeňil görnüşini hödürleýär
Sargytlaryňyzy günüň dowamynda eltip berjek “100haryt” öz müşderileriniň müňlerçe harytlaryň içinden saýlan önümleriniň hiline hem kepil geçýär.

Internet söwdanyň pajarlaýan döwründe Türkmenistanda ilkinjileriň hatarynda “100haryt” saýty müşderilere internet dükanyny hödürledi. 2016-njy ýylda işe başlan saýt, haryt satyn almagyň aňsat usuly bilen alyjylara “tiz, ýeňil, amatly” hyzmat etmek maksady bilen şol şygary saýlady.

Isleg bildirýänler “100haryt”-dan elektron, tehnologiýa we hojalyk enjamlaryny, himiýa we parfýumeriýa önümlerini, dürli ýaşlylar üçin egin-eşikleri, oýnawaçlary, azyk harytlary aňsatlyk bilen sargap bilýärler.

Iň köp sargyt edilen harytlary hem görüp bolýan saýtda dünýäniň meşhur kompaniýalarynyň önümleri ýerleşdirilendir. Şeýle hem bu ýerde yzygiderli geçirilip durulýan arzanlaşyklary hem görmek mümkin.

Sargytlaryňyzy günüň dowamynda eltip berjek “100haryt” öz müşderileriniň müňlerçe harytlaryň içinden saýlan önümleriniň hiline hem kepil geçýär.

Alyjylar bilen gatnaşyk saklap durýan platformaň işgärleri, öz saýtlarynda önüm ýerleşdirmek hyzmatyny hem ýola goýdy. “100haryt” dünýäde söwda işini alyp barýan internet dükanlary bilen aýakdaş gidip, hyzmatyň hilini günsaýyn ýokarlandyrmak maksady bilen täzelikleri we amatlyklary saýta girizip durýar.