Lebaply ekerançy "Bambus" arylary arkaly hasyly ýokarlandyrýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Lebaply ekerançy "Bambus" arylary arkaly hasyly ýokarlandyrýar
Bambus arylary telekeçä pomidor we ýer tudanasyndan ýokary hasyl almaga ýardam berýär.

Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynda telekeçi Ruslan Abdullaýew öz ýyladyşhanasynda ekinleri tozgalatmak üçin "Bambus" arylaryny ulanýar.

Telekeçi R.Abdullaýew häzirki wagtda ýyladyşhananyň 1,1 gektar meýdanynda “ispanski”, “alfes” görnüşli pomidoryň 27 müň düýbüni, şeýle hem 0,40 gektar meýdanda 55 müň düýbüni ýetişdirdi. Bu ýerde ekinlere 16 görnüşli dökün suwa garylyp berilýär.

Belgiýanyň “Biobest” kompaniýasy tarapyndan ýetişdirilen "Bambus" arylary telekeçä pomidor we ýer tudanasyndan ýokary hasyl almaga ýardam berýär. Ýörite ekerançylyk üçin niýetlenip ýetişdirilýän "Bambus" arylarynyň 40-45 gün ömri bolup, olar örän işeňňir ýagdaýda hereket edýär.

Hususy ekerançy şu aýyň başynda hasyl almaga girişer. Taýýar önümleriň 20 göterimini içerki bazarlara ibermek, galan 80 göterimini hem eksport etmek göz öňünde tutulýar.

2022