Türkmen logistika kompaniýalarynyň kuwwaty ýokarlanýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen logistika kompaniýalarynyň kuwwaty ýokarlanýar
Logistika kompaniýalary alyjy we satyjynyň arasyndaky esasy zynjyrlaryň biri bolup durýar.

Türkmenistanda telekeçilik ulgamynda eksporta gönükdirilen döwlete degişli we hususy önümçilik desgalaryny köpeltmek bilen bagly alnyp barylýan strategiýa ýerli logistika kompaniýalarynyň sanyny köpeltdi. Bu kompaniýalar alyjy we satyjynyň arasyndaky esasy zynjyrlaryň biri bolup durýar.

Aşgabatda geçirilýän dürli ugurlardaky önümçilik sergilerinde türkmen logistika kompaniýalarynyň birnäçesini görmek bolýar.

Ýerli senagatyň gazananlaryna bagyşlanyp, 15-16-njy oktýabrda Türkmenistanyň Söwda we senagat edarasynyň binasynda geçirilen sergide “Beýik Ýüpek ýoly” kompaniýasy, “Türkmen milli logistik” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti, “Döwrebap ulag merkezi” hojalyk jemgyýeti we “Aziýa ulaglary” kompaniýasy sergä gatnaşýan hususyýetçileriň arasynda stendlerini açdylar.

“Beýik Ýüpek ýoly” kompaniýasy 10 ýyla golaý wagt bäri logistika ulgamynda hereket edýär. Häzirki wagta çenli 2,637 müşderä hyzmat beren kompaniýa 1,810,000 tonna ýük daşady. Kompaniýanyň dolandyryjylary 1-5-nji oktýabr aralygynda Günorta Afrika Respublikasynyň Keýptown şäherinde geçirilen Logistika assosasiýalarynyň halkara federasiýasynyň (FITA) kongresine gatnaşdylar.

“Türkmen milli logistik” AGPJ-niň esasy paýdary “Ýük ulag merkezi” hojalyk jemgyýeti bolup durýar. 2014-nji ýylda esaslandyrylan kompaniýa Merkezi Aziýanyň logistika kompaniýalarynyň birinji onlugyna girmegi maksat edinýär. Kompaniýa 2018-nji ýylyň oktýabr aýynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen “Heavy Caspian; Turkmenistan” konferensiýasynyň esasy hemaýatkäri hökmünde çykyş etdi.

 2016-njy ýylda esaslandyrylan “Döwrebap ulag merkezi” hojalyk jemgyýetiniň esasy ugurlarynyň biri “Türkmendemirýollary” agentligi bilen ylalaşygynyň esasynda demir ýol arkaly ýük gatnawlary bolup durýar.

Ulag-logistika ulgamyndaky türkmen kompaniýalary pudagyň döwlete degişli bölümi bilen hem bilelikdäki işleri ýerine ýetirýärler.

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2018-nji ýylyň 31-nji iýulundaky Karary esasynda, Türkmenistanyň halkara ulag-üstaşyr geçelgeleriniň mümkinçiliklerini netijeli ulanmak, ýerli ulag toplumynyň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak, üstaşyr ýükleriň möçberini goşmaça artdyrmaga ýardam bermek hem-de üstaşyr, eksport-import ýükleri ýük ugradyjydan bir ýa-da birnäçe ulag görnüşleri arkaly (multimodal) ýük alyja eltmekde ýerlikli logistiki çözgütleri işläp düzmek maksady bilen "Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi" Açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti döredildi.

Bilelikdäki kompanýanyň paýnamlarynyň 70% döwlete degişli (“Türkmendemirýollary” agentligi 35%, “Türkmenawtoulaglary” agentligi 10%, “Türkmenaragatnaşyk” agentligi 5%, “Türkmenhowaýollary” agentligi 5%, “Türkmendenizderýaýollary” agentligi 10%, Türkmenistanyň Döwlet ätiýäçlandyryş guramasy 5%) edaralaryň eýeçiliginde bolmak bilen, galan 30% Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary tarapyndan döredilen "Türkmen logistika assosiasiýasy" hojalyk jemgyýetine degişli.

"Türkmen logistika assosiasiýasy" hojalyk jemgyýetiniň direktorynyň orunbasary Sähra Amanowa çarşenbe güni geçirilen türkmen-eýran işewürler maslahatynda eden çykyşynda şeýle hyzmatdaşlygyň “özara bähbitlidigini” belläp geçdi.

Ýerli ulag-logistika kompaniýalarynyň arasynda “Bir Dünýä” hojalyk jemgyýeti we “Altyn Ýoda” hususy kärhanasy hem bar.

“Altyn Ýoda” HK 2013-nji ýyldan bäri hereket edip, dünýäniň 12 porty bilen işleşýär. Häzirki wagta çenli kompaniýa 3,650 konteýner daşady we 2,750 sany gümrük deklarasiýasy taýynlady. Kärhana “Toyo Engineering”, “Hyundai Engineering” we “Gap Inşaat” ýaly kompaniýalar bilen hyzmatdaşlyk saklaýar.

2009-njy ýylda esaslandyrylan “Bir Dünýä” hojalyk jemgyýeti 2013-nji ýylda Ýewropanyň Ösüş we Täzeleniş Bankyndan 1 million amerikan dollarlyk maliýe goldawyny aldy. Bu goldawyň esasynda alnan ulaglardyr enjamlar, kompaniýanyň, esasan hem nebit-gaz kompaniýalaryna, berýän hyzmatlarynyň gerimini giňeltdi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022