Täze ýyladyşhana “Ýigit” hojalyk jemgyýetiniň önümçilik kuwwatyny 10,500 tonna ýetirdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Täze ýyladyşhana “Ýigit” hojalyk jemgyýetiniň önümçilik kuwwatyny 10,500 tonna ýetirdi
Bir ýylyň dowamynda hususy ekerançylar 17.5 million ABŞ dollaryndan gowrak pomidory daşary ýurtlara satdylar.

“Ýigit” hojalyk jemgyýeti ýekşenbe güni Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň çäginde 20 gektarlyk ýyladyşhana açdy.

Kompaniýanyň täze ýyladyşhanasynyň gurluşygy "Eziz Doganlar" hojalyk jemgyýeti tarapyndan amala aşyryldy. Gurluşykda 350-den gowrak adam zähmet çekip, ýewropanyň “Inta”, “Crone”, “Thermeta”, “Munters”, “Acom”, “Vilo”, “Grundfos” ýaly kompaniýalary tarapyndan öndürilen enjamlar ýerleşdirildi.

Täze ýyladyşhana “Ýigit”-iň önümçilik kuwwatyny 8,000 tonna artdyryp, 10,500 tonna ýetirdi. Ýyladyşhanada pomidoryň “Merlice”, “Tomimaro Mucho” we “Juanita” görnüşleriniň ösdürilip ýetişdirilmegi göz öňünde tutulýar.

Kompaniýa ýyladyşhana toplumynda işleýänleriň sanyny 384 adama çenli ýokarlandyrar.

Bu ýyladyşhananyň düýbi fewral aýynyň 9-nda tutuldy. Şol gün “Ýigit” HJ-niň ozalky 10 gektarlyk ýyladyşhanasynyň hem açylyşy geçirildi.

“Ýigit” HJ ýyladyşhanalardan başga 865 gektar açyk meýdanda oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirýär. Ekin meýdanlarynda 8 sany ýagyş usuly suwaryş ulgamlary gurnalandyr.

Häzirki wagtda kompaniýanyň “Mahmal” haryt nyşanly önümleri içerki bazardan başga Dubaý şäheriniň “Carrefour” we Russiýanyň “Ecoculture” ýaly söwda merkezlerinde satylýar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022