Türkmen telekeçileri ABŞ-de okuw maksatly gezelençde boldular

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen telekeçileri ABŞ-de okuw maksatly gezelençde boldular
Saparyň dowamynda Winçester we Baltimor şäherleriniň sowadyjy ammarlaryna gezelençler gurnaldy.

Türkmenistanyň kiçi we orta telekeçilerden ybarat wekilleri 1-7-nji dekabrda C5+1 başlangyjynyň çäginde ABŞ-nyň Wirjiniýa Ştatynyň Arlington şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Çäre USAID CTJ maksatnamasy tarapyndan gurnaldy.

Çäre Global sowadyş alýansynyň (GCCA) binasynda Merkezi Aziýanyň hususy pudaklarynyň wekillerine ösen bazarlarda döwrebap sowadyş enjamlarynyň işleýiş we gurnalyş tertibi, şeýle hem assosiasiýa döretmek usullaryny öwretmek maksady bilen geçirildi.

Saparyň dowamynda Winçester we Baltimor şäherleriniň sowadyjy ammarlaryna gezelençler gurnaldy. Bu ýerde gatnaşyjylar 1917-nji ýylda esaslandyrylan “Winchester Cold Storage” (WCS) kompaniýasynyň taryhy bilen tanyşdylar. Merkezi Aziýa döwletleriniň telekeçileri “WCS Logistics” kompaniýasy bilen hem tanyş boldular.

Şeýle-de, hususyýetçiler ABŞ-de ammarda saklamak we sowadyş boýunça öňde barýan “MTC Logistics” kompaniýasynyň iş tertibi bilen tanyşdyryldy. Bu kompaniýa doňdurylan önümleri ýerlemek bilen meşgullanýar.

C5+1 formaty Merkezi Aziýanyň bäş ýurdy bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasyndaky gatnaşyklar üçin köptaraplaýyn mehanizm hökmünde hereket edýär. Bu maksanama ykdysady ösüş, sebitleýin hyzmatdaşlyk we howpsuzlyk meselelerini üns merkezinde saklaýar.