“Altyn tug” Daşoguzda 12 gektar ýyladyşhanadan hasyl almaga başlady

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Altyn tug” Daşoguzda 12 gektar ýyladyşhanadan hasyl almaga başlady
Ýyladyşhananyň ýylda 3 müň tonna gök önüm ýetişdirmäge ukyby bolup, munuň üçin toplum ähli enjamlar bilen üpjün edilen.

“Altyn tug” hususy kärhanasy 12 gektardan ybarat ýyladyşhanasynda gök önümleri ýetişdirip, ýyglan hasyly günübirin ilata ýetirýär.

Daşoguz welaýatynyň S.A.Nyýazow etrabynda ýerleşýän bu ýyladyşhana toplumy şu aýyň başynda ulanmaga berildi. Toplumyň ýylda 3 müň tonna gök önüm ýetişdirmäge ukyby bolup, munuň üçin toplum ähli enjamlar bilen üpjün edilen.

Ýyladyşhananyň esasy hünärmeni Çary Begjanowyň aýtmagyna görä, bu ýerde pomidoryň sekiz, bolgar burçunyň iki, ýer tudanasynyň hem üç görnüşi ýetişdirilýär.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan “Altyn tug” hususy kärhanasynyň ýyladyşhanasynda 100-den gowrak adam zähmet çekýär. Hasylyň bollaşyp başlanmagynyň netijesinde bu sany geljekde iki essä çykarmak göz öňünde tutulýar.

Häzirki günde ýurduň demirgazyk sebitinde ýyladyşhana toplumlarynyň sany yzygiderli artýar. Geljek ýyl ýene-de welaýatyň S.Türkmenbaşy, Gubadag, Görogly etraplarynda birnäçe toplumyň açylmagyna garaşylýar.

2022