“Kuwwattoplum” 2000-e golaý elektrik enjamlaryny öndürdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Kuwwattoplum” 2000-e golaý elektrik enjamlaryny öndürdi
Kärhanada 380 woltlyk ýagtylyk şitleri we 1600 kWa kuwwatly transformator beketleri bilen bir hatarda 30-a golaý önüm öndürilýär.

Şu ýyl “Kuwwattoplum” hojalyk jemgyýeti 2000-e golaý elektrik enjamlaryny öndürdi. Kärhanada elektroenergetikada, jaý-ulanyş we senagat pudaklarynda giňden ulanylýan 380 woltlyk ýagtylyk şitleri we 1600 kWa kuwwatly transformator beketleri bilen bir hatarda 30-a golaý önüm öndürilýär.

Kärhananyň hünärmenleri hödürlenýän taslamalar esasynda işleri alyp barmak bilen bir hatarda, taslamanyň elektro-tehniki bölegini düzmekde maslahat beriş hyzmatyny hem amala aşyrýar.

“Kuwwattoplum” hojalyk jemgyýeti Türkmenistanda eýýäm 20 ýyldan gowrak wagt bäri hereket edýär. Kärhana tarapyndan öndürilýän enjamlaryň tehniki häsiýetnamasy birnäçe güwanamalar bilen tassyklandy.

“Kuwwattoplum” kärhanasy Aşgabat şäheriniň “Täze zaman”, Parahat-7 ýaşaýyş jaý toplumlaryny elektrik togy bilen üpjün edýär. Transformator beketleri Daşoguz welaýatynyň howa menzilinde we Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň dürli binalarynda ulanylýar. Kärhananyň enjamlary Aşgabat şäheriniň golf klubynda hem ornaşdyryldy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022