Aşgabat–Farap awtomobil ýolunyň ugrunda ýangyç guýujy beket işe girizildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Aşgabat–Farap awtomobil ýolunyň ugrunda ýangyç guýujy beket işe girizildi
Ýangyç guýujy beket gije-gündizde dürli kysymly awtoulaglaryň 750-sine hyzmat etmäge niýetlenendir.

Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynda Aşgabat – Farap awtomobil ýolunyň ugrunda täze ýangyç guýýan döwrebap beket ulanmaga berildi.

Täze desganyň gurluşyk-gurnama işlerini “Türkmennebitönümleri” baş müdirliginiň hojalyk hasaplaşygyndaky abatlaýyş-gurluşyk müdirliginiň welaýat bölüminiň binaçylary ýerine ýetirdi. Ol her gije-gündizde dürli kysymly awtoulaglaryň 750-sine hyzmat etmäge niýetlenendir.

Bekede ýanaşyk ýerde awtoulaglara tehniki taýdan hyzmat ediş nokatlarynyň, awtoýuwalganyň we ätiýaçlyk şaýlaryň satylýan dükanynyň binalary guruldy. Bekediň çäginde awtoduralgynyň hem bolmagy sürüjilere goşmaça amatlylyklary döredýär.

Lebap welaýatynda şeýle beketleriň ýene biriniň gurluşygy awgust aýynda başlandy. Bir gije-gündizde 500 awtoulaga hyzmat etjek bu beket Türkmenabat – Gazojak awtomobil ýolunyň ýakynynda ýerleşer.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022