“Altyn Asyr” Türkmenistanyň obalarynda öýjükli aragatnaşygy döwrebaplaşdyrýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Altyn Asyr” Türkmenistanyň obalarynda öýjükli aragatnaşygy döwrebaplaşdyrýar
“Altyn Asyr” ÝGPJ Türkmenistanda kommunikasiýa hyzmatlaryny halkara derejesinde kämilleşdirmekde tapgyrlaýyn işleri alyp barýar.

Türkmenistanyň “Altyn Asyr” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti Täze ýylyň öňüsyrasynda Ahal, Mary we Lebap welaýatlarynyň obalarynda öýjükli aragatnaşyk telefonlary üçin beketleriniň sanyny artdyrmak üçin tapgyrlaýyn işleri alyp barýar.

Kärhana Ahal welaýatynyň şäherlerinde we obalarynda ilaty ýokary tizlikli internet bilen üpjün etmek maksady bilen 50 sany bekedi döwrebaplaşdyrmak işlerini dowam etmegi meýilleşdirýär. Täze enjamlary gurnamak işi şu ýylyň dekabr aýynda Bäherden, Gökdepe, Ak bugdaý, Tejen, Sarahs, Babadaýhan we Kaka etraplarynda başlady we 2020-nji ýylyň ýanwar aýynda hem dowam eder.

Mary welaýatynyň Türkmengala, Serhetabat, Tagtabazar, Sakarçäge, Murgap, we Garagum etraplarynda otuza golaý 3G-niň enjamlary oturdylar. Welaýatyň Wekilbazar, Mary we Ýolöten etraplarynyň obalarynyň ýaşaýjylary şu ýylyň dekabr aýynda ýokary tizlikli internet ulgamy bilen üpjün edildi.

Şeýle-de, Ahal welaýatynyň çägindäki Merkezi Garagumda ýerleşýän Böri obasynda öýjükli aragatnaşyk beketleri oturdyldy.

“Altyn Asyr” öýjükli aragatnaşyk kompaniýasy güýçlenýän talaby göz öňünde tutup, oba ýerlerinde 3G, welaýat merkezlerinde 4G ulgamlaryna birikdirmegi ýygjamlaşdyryp, geljekde 5G ulgamlaryny ornaşdyrmagy göz öňünde tutýar.

“Altyn Asyr” ÝGPJ Türkmenistanda kommunikasiýa hyzmatlaryny halkara derejesinde kämilleşdirmekde tapgyrlaýyn işleri alyp barýar. Kärhana ýurduň ilatly nokatlarynda aragatnaşyk we telekommunikasiýa ulgamyny ösdürmek boýunça maksatnamany durmuşa geçirýär.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022