Türkmen hususy barlaghanasyna ISO halkara sertifikaty gowşuryldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen hususy barlaghanasyna ISO halkara sertifikaty gowşuryldy
“Hil standart” hojalyk jemgyýetiniň Barlaghana merkezine standart boýunça ISO/IEC17025:2017 halkara sertifikaty gowşuryldy.

“Hil standart” hojalyk jemgyýetiniň Barlaghana merkezine standart boýunça ISO/IEC17025:2017 halkara sertifikaty gowşuryldy.

Güwänama geçirilen barlaglaryň netijesinde “Latwiýanyň akkreditasiýa baradaky milli býurosy” döwlet agentligi tarapyndan berildi.

Hususy barlaghana Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlangyjy bilen döredilip, ýurtda bu pudakdaky ilkinji düzümdir. Döwlet we halkara standartlaryna laýyklykda iýmit önümlerini barlaglaryny geçirmek barlaghananyň esasy wezipesi bolup durýar.

Barlaghana merkezi halkara standartlaryna laýyklykda döwrebap we ýokary tehnologiýaly enjamlar bilen üpjün edilendir. Bu bolsa, barlaghananyň hünärmenlerine mikrobiologiki we fizika-himiki barlaglary geçirmäge uly mümkinçilikleri berýär.

Halkara güwänamasynyň gowşurylmagy Türkmenistanda öndürilýän önümleriň eksport möçberini we ýurduň ykdysady kuwwatyny artdyrmaga goşandyny goşar.

Iýmit önümleriniň barlaglaryny geçirmekde “Hil standart” hojalyk jemgyýetiniň Barlaghana merkezi Türkmenistanda ISO/IEC17025:2017 HALKARA akkreditasiýasyna eýe bolan ilkinji hususy kärhanadyr.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022