German kompaniýasy Türkmenistana 10 ýylda 10 million ýewrolyk enjam getirdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
German kompaniýasy Türkmenistana 10 ýylda 10 million ýewrolyk enjam getirdi
Georg Böttinger: “Biz 10 ýylyň dowamynda Türkmenistana 5-10 million ýewro möçberindäki enjamlary getirdik”.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesinde anna güni türkmen telekeçileri bilen german kompaniýalarynyň wekilleriniň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşyga gatnaşan “Anton Olhert GmbH & Co.” german kompaniýasynyň wekili Georg Böttinger “Biznes Türkmenistan” internet neşirine beren beýanatynda kompaniýanyň Türkmenistan bilen 10 ýyldan bäri hyzmatdaşlyk edýändigini aýtdy.

Türkmenistanyň döwlet edaralary bilen hyzmatdaşlyk saklaýandygyny gürrüň beren Böttinger şol bir wagtda, “Hasar”, “Burkut”, “Halk Hazyna” we “Daýanç plastik” hususy kärhanalary bilen hem iş alyp barýandygyny belläp geçdi.

Konditer önümleriniň we azyk önümleri üçin dürli plastik gaplaryň önümçiligini ýola goýmak bilen adygan german kompaniýasynyň wekili Daşkent, Almaty we Kýoln şäherlerinde ýerleşýän edaralary arkaly Türkmenistana konditer önümleriniň we plastik bulgurlaryň önümçiligi üçin birnäçe enjamlary getirendigini mälim etdi we “Biz 10 ýylyň dowamynda Türkmenistana 5-10 million ýewro möçberindäki enjamlary getirdik” diýip belledi.

“Şeýle hem häzirki wagtda biz “Täze aý” hususy kärhanasy bilen süýt önümleriniň önümçiligi üçin we “ATM” hususy kärhanasy bilen bolsa, şpalyň önümçiligi üçin enjamlary getirmekde gepleşikleri geçirýäris” diýip, kompaniýanyň wekili geljekde amala aşyrmagy meýilleşdirýän maksatnamasy barada gürrüň berdi.

“Anton Olhert GmbH & Co.” kompaniýasy özüniň Ýewraziýa we Merkezi Aziýa döwletleri bilen söwda pudagynda 140 ýyllyk tejribesi bilen adygandyr. Kompaniýa ýylda 70-80 million ýewro möçberinde azyk, plastik we beton önümleriniň önümçilik enjamlaryny eksport edýär. 

2022